Haýyr-sahawatda bereket bar

13 Aprel 2021
1206

Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda iň gowy ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Munuň özi halkymyzda tükeniksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, täze gazna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy bolsa has-da ýerine düşen waka boldy. Çünki geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ady we alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýagşylyk, howandarlyk, hemaýat, haýyr, sahawat bilen ynsan belentliklere göterilýändir, ömrüne many çaýýandyr. Magtymguly atamyzyň:

Gurbangül NAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki 60-njy orta mekdebiň müdiri.