Kädi köp derdiň dermany

13 Aprel 2021
1277

Türkmeniň bereketli topragy dermanlyk häsiýetli ösümliklere juda baý. Şolaryň biri-de kädidir. Halkymyz kädiniň dermanlyk häsiýetine ir döwürlerden bäri düşünip gelipdirler.

Kädi iýun-iýul aýlarynda gülleýär. Awgust-sentýabr aýlarynda bolsa hasyl berýär. Kädini güýz we gyş aýlarynda iýmek has-da peýdalydyr. Ylmy barlaglar kädiniň düzüminiň adam bedeni üçin zerur bolan peýdaly maddalara juda baýdygyny tassyklaýar. Onuň etlek böleginde peýdaly maddalar ýagny, karotin, folasin, B toparyň witaminlerine girýän B1, B2, B6 witaminleri, mineral maddalar bolan kremniý, kaliý, magniý, natriý, demir we beýlekiler örän köpdür.

Merjen KAIPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.