"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Ösümlikli sütün

Köýtendag etraby özüniň ajaýyp gowaklary, Gaýnarbaba çeşmesi, kör balygy, arnap jeňňelligi ýaly täsinlikleri bilen bellidir. Etrabyň Köýten obasynyň golaýyndaky kiçeňräk arnap jeňňelligi bolsa, tutuş dünýä boýunça alanyňda-da örän seýrek duş gelýändigi bilen bada-bat ol ýere baran jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Agaçlaryň ählisiniň bir ugra egrelip ösüşi has-da täsindir. Çünki arnap agaçlarynyň bu görnüşi adamlary baş egip garşylaýan ýaly duýgyny döredýär. * * *

Rowaç tutumlaryň badalgasy

Belent sepgitler we ösüşler halkyň sosial ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine oňyn täsirini ýetirýär. Munuň şeýledigini geçen anna güni Milli Geňeşiň wekilleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň häkimleriniň hem-de olaryň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýylyň alty aýynda edilen işlere seljerme berlip, geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Döwletiň ösüş derejesini kesgitleýji bu mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ilerletmek, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrundaky maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuşa ornaşdyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň gün tertibine garalyp, ilki bilen, bank ulgamynda alnyp barylýan işlere seredildi. Bu ulgamda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýylyň ýarymynda hojalyk düzümlerine, kiçi we orta telekeçilere, hususy önüm öndürijilere döredilen ýeňillik karz serişdeleriniň, şeýle-de sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň geriminiň giňemegi bilen «Internet-bank» töleg ulgamy arkaly şahsy taraplar, hususy telekeçiler tarapyndan geçirilen hasaplaşyklaryň möçberleriniň artandygy aýdyldy.

Garaşsyzlyk şuglasy

Garaşsyzlyk — ata-babalarymyzyň arzuwlan bitewi döwletliligi, özerkliligi we ruhy kämilligidir. Iki ýarym müçäni arka aýlan Garaşsyzlyk Oguz nesliniň bagty bolup belentde parlaýan ýaşyl tuguny Ýer ýüzüne ýaz ýapynjasy edip türkmen halkyny millilik, dowamly ösüş ýoly arkaly millet derejesinde kemala getirdi. Hyýaly ertekilerdäki jadyly saçakdyr sandygyň, uçýan halydyr Erem bagynyň hakykat ýüzündäki suduryny, asyl durmuşy keşbini görmek isleýänler diňe bu mukaddesligiň üznüksiz eçilýän miweleriniň janly şaýady bolanlarynda göz ýetirerler. Elbetde, rowaýatlaram, ertekilerem, nakyllardyr atalar sözlerem halkyň arzuw-islegleriniň amala aşan we oňa garaşylýan pursatlary döreýär. Emma olaryň köpüsi dilden-dile, ilden-ile aýlanyp, näbelli söz ussatlary tarapyndan has-da çeperleşdirilip taryhyň gatyna, ynsanyň aňyna hyýaly bir zat bolup ornaýar. Şol hyýallylygy gaýtadan janlandyrmak bolsa diňe bitewüligi, agzybirligi, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy we beden sagdynlygyny kemala getirmegi, kämilleşdirmegi, ösdürmegi, özgertmegi talap edýär. Özbaşdak döwlet diýlip ykrar edilenine sanly ýyl, ýagny üç onluk geçse-de, Watanymyzyň halkara abraýy, içeri we daşary syýasatynyň bady, adama goýýan gadyr-gymmaty barada otuz müňdenem gowrak rowaýatdyr ertekilik taryhy wakalaryň zynjyry biri-biri bilen sepleşip, gerimini has giňeldip gidip otyr. ХХ asyryň togsan birinj

Žurnalistika we sanly bilim

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Žurnalistler, medeniýet işgärleri we ideologiýa gullugynyň hünärmenleri jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin giň, köptaraply bilime eýe bolmalydyr, ähli ugurlar boýunça dünýäde bolup geçýän wakalary öwrenmelidir, täzeçil pikirlenip işlemelidir we döwrüň talabyny esasy ugur edinmelidir.

Bitaraplyk we syýahatçylyk

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesi dünýä dolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen 50-nji mejlisinde 185 döwletiň gatnaşmagynda birinji gezek hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69-njy mejlisinde 193 döwletiň gatnaşmagynda ikinji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Garaşsyzlygy gazanyp, hemişelik Bitaraplyga eýe bolany bäri dünýä derejesinde at-abraýy has-da artýan Watanymyzda alnyp barylýan syýasy, ykdysady hyzmatdaşlyklar bilen birlikde, medeni hyzmatdaşlyklar hem halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesi — bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

Halkyň saglygy, ýurduň abadançylygy iň wajyp meseleleriň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda durmuş-ykdysady meseleleri çözmeklige we halkyň saglygyny goramaklyga esasy orun berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda ägirt uly öňegidişlikler, ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda bütindünýä lukmançylygynda saglygy goramaklyk, keseliň öňüni alyş çäreleri, esasan, sagdyn durmuş ýörelgeleri ürç edilip öwrenilýän meseleleriň biridir. Adam saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny pugtalandyrmak üçin bedenterbiýe we sport ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.

Watanperwerligiň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen edebiýaty halkymyzyň şöhratly taryhyndan söz açýan ençeme eserler bilen baýlaşdy. Onuň anyk mysalyny biz hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», iki jiltden ybarat «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly kitaplarynda aýdyň görüp bilýäris. Gahryman Arkadagymyzyň: «Beýik Pyragynyň edebi mirasy, şeýle-de meşhur akyldaryň yzyny dowam etdirijiler, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Annagylyç Mätäjiniň we beýlekileriň eserleri köp sanly zehinli bagşy-sazandalaryň ylhamynyň egsilmez gözbaşyna öwrüldi» diýen parasatly sözleri bu günki gün biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi.

Küştdepdi — köňül zynaty

Halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak medeni miraslary, elýetmez gymmatlyklary bar. Şolaryň hatarynda küştdepdi tansy bütin dünýäniň halklaryny haýrana galdyryp, 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Halkymyzyň milli edim-gylymlarynyň, ynanç-ygtykatlarynyň ençemesini özünde jemleýän küştdepdi özüneçekijiligi, owadanlygy, dürli öwüşginleri bilen adamzat kowmunyň iň söýgüli tansyna öwrüldi. Küştdepdi tansyny berdaşly ýigitlerem, juwan gyzlaram, gojalaram, kümüş saçly enelerem ýerine ýetirýärler. Bu tans adamyň bedenini berkidip, şähdini açýan, bedene egsilmeýän güýç berip, ähli alada-ünjiňi ýele sowurýan sungatdyr. Alymlarymyzyň aýtmagyna görä, taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan küştdepdi tansy göze görünýän-görünmeýän ähli bela-beterleri kowup ýok edýän tans hökmünde ýüze çykarylypdyr. Şeýle hem küştdepdini synçy nazary bilen synlan her bir adam onda gojaman Hazaryň tolkunlarynyň owazyny-da, adaja öwüsýän deňiz şemalynyň sesini-de duýup biler. Hatda deňiz tolkunlarynyň depesinde ganat ýaýyp ýören çarlak guşlaryň sesleri hem bu tansa özboluşly gözellik çaýýar. Küştdepdini daşary ýurtly sungat ussatlarynyň hem höwesli ýerine ýetirmekleri onuň dünýäniň ünsüni özüne çekip bilýändiginiň alamatydyr.

Gadymy türki kowumlaryň ynançlary

Geçmiş edebiýatda «totemizm» adalgasyna aýratyn orun berilýär. Totemizm — bu gadymy adamlaryň öz gelip çykyşyny, ýagny özleriniň nesilbaşysyny haýsydyr bir haýwan ýa-da ösümlik bilen baglanyşdyrmaklary netijesinde dörän ynançlary aňladýar. Ylmy edebiýatda gadymy türki kowumlaryň, şol sanda türkmenleriň ata-babalary hasaplanylýan oguzlaryň hem toteminiň gök böri (möjek, gurt) bolandygy barada deliller, maglumatlar az däl. Şeýle garaýşyň yzy häzirki türkmen dilinde ulanylýan käbir nakyllardyr atalar sözlerinde we söz düzümlerinde gabat gelýär. Mysal üçin, «Gurt ýüzi — mübärek» diýen nakyly döreden eždatlarymyz gurdy guta deňäpdirler. «Gut» sözi bolsa, edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň tassyklamagyna görä, gadymy türki dilde «bagt» manysynda ulanylypdyr. Eger-de şu nukdaýnazardan baha bersek, biziň gündelik gepleşik dilimizde häli-şindi ulanýan «Gutly bolsun!» diýen jümlämizi «Bagtly bolsun!» manyda kabul etmek mümkin. «Gurt agzasaň, gurt geler» diýen aýtgynyň manysy hem hut şu düşünje bilen bagly.

Keýik — tebigatyň ýaraşygy

Keýik tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilendir. Keýikleriň gelşikli, uzyn aýakly tekesiniň göwresiniň uzynlygy 105-126 santimetr, geçisiniňki bolsa 101-119 santimetr bolup, agramy degişlilikde 24-34 we 20-33 kilogram aralygynda bolýarlar. Arkasy çäge öwüşginli, garny ak reňkli tekeleriň egrelip duran 40 santimetre golaý çal, garamtyl şahlary bolýar.

Didara teşnelik (Hekaýa)

Nurly Gün Köpetdagyň aňyrsynda gizlense-de, onuň gyrmyzy şapagy sowulmandy. San-sajaksyz ýyldyzlar ýaly bir-birine göz gypyşýan çyralar, arşa sary dyzaýan çüwdürimler, ak mermer binalardyr olaryň degre-daşynda gök öwsüp oturan arçalar, gülzarlyklar şäheriň gözelligine görk goşýardy. Ak şäherimiziň ajaýyp keşbini nurana agşamlarda synlamagyň aýratyn lezzeti bar. Baýramçylygyň şanyna «Ylham» seýilgähine üýşen mähelle uç-gyraksyzdy. Dost-doganlyk dillerinde ýaňlanýan aýdymlar göwünleri galkyndyrýardy. Şäheriň owadanlygy şirin owazlar bilen sazlaşyp, ynsan kalbyny heýjana salýan duýgulardan pürepürdi. Toý-baýrama utgaşan bu dabara Merdanyň durmuşynda has-da ýatda galyjy boldy. Ol Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoly gurmakda janaýaman zähmet çekdi. «Çekseň zähmet — ýagar rähnet» diýleni, halal zähmeti bilen at alan ýigit bu gün «Gaýrat» medalyna mynasyp boldy. Ony her kim baýragy bilen mähirli gutlaýardy.

Durmuş pelsepeleri

Pelsepe diňe gözümiziň gören zady däl-de, eýsem, aňymyzyň ykrar eden zatlary esasynda kemala gelýär. * * *

Sagdyn durmuş ýörelgeleri

Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň! * * *

Dert melhemin ilden gözle

Bir barly adamyň ogly agyr keselden gutulypdyr. Ýöne soň göwnüçökgünlik derdine uçrapdyr. Gijesine uklap bilmän, gündizlerine dünýe gözüne dar görnüpdir. Bu derdine derman tapylmansoň, ahyry onuň emini bir danadan sorapdyrlar. Dana uzakdan odun ýygyp gelýän garryja zenany görüp: — Bar şol zenanyň odunyny öýüne elt we ýene bir arka odun ýygyp, ony-da şol zenanyň öýüne düşür. Şondan soň onuň näme diýýänini gelip maňa aýt, soň derdiň dermanynyň nämedigini aýdaryn — diýipdir.

Eziz ildeşler!

Howanyň çakdanaşa gyzmagy bedende dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirip biler. Şoňa görä, has zerur bolmasa, jöwzada daşary çykmazlyk maslahat berilýär. Zerurlyk dörän halatynda ak, açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, Günden goraýjy äýnekleri dakynmak peýdalydyr. Ýaş çaganyň bedenine gerek bolan D witamininiň ýeterlik mukdaryny almagy üçin, onuň bilen her gün irden sagat 10:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan soň 15-20 minut çemesi gezelenç etmek ýeterlikdir.

Soňky sütün

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň barşynda döredilen emeli ada 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Deňiz derejesinden aşakda döredilen iň uly emeli ada hökmünde taryhda orun alan bu adanyň meýdany 170 gektardyr. Ony döretmek üçin port gurlanda deňziň düýbünden çykarylan 10 million kubmetre barabar toprak ulanyldy. Ýeri gelende bellesek, bu ýer göçüp-gonýan guşlar üçin ähmiýetli merkeze öwrüldi. * * *

Arkadagyň döwri beýik

Irki zamanlarda haýsam bolsa bir halkyň hal-ýagdaýyny bilmek üçin, şol ýurduň bazaryna barlar eken. Belki, häzirki wagtda-da şol kesgitlemäni dogry diýip hasaplap bolar. Ýöne bu pikire ýene bir aýratynlygy uly buýsanç bilen goşasym gelýär: şu günki gün biziň ýurdumyzyň bazarlary-da öz bolçulygy bilen göreni haýrana goýýar, şeýle-de watandaşlarymyzyň ýüzlerindäki mähirli ýylgyryşlarydyr ruhubelent duýgulary ählimizi begendirýär. Aýdylanlar biziň bagtyýar zamanamyzyň aýdyň häsiýetnamasydyr. Şol sebäpli ähli türkmenistanlylar şeýle ajaýyp döwri peşgeş berip, gije-gündiz her bir adamyň aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyza müň keren alkyşlaryny aýdýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň beýik döwri barada gürrüň etmek diýseň ýakymly. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryh üçin uzak bolmadyk wagtda biziň mukaddes Watanymyz düýpgöter özgerip, özüniň ösüşli ýoluny ynamly dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik döwründe her birimiz bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň pajarlap ösüşlerine guwanyp ýaşaýarys, ata Watanymyzyň dünýä içre ýeten belent abraýyna buýsanýarys!

Medeniýetim, sungatym!

Gözel halk kalby kimin,Medenýetim, sungatym!Sizden ruh alýar Zemin,Medenýetim, sungatym! Sazandalar saz çalsyn,Göwünler göge galsyn.Owazaň dünýä dolsun,Medenýetim, sungatym!

Daşary ýurtly türkmen aýdymçylarynyň ýürek buýsançlary

Kemaleddin MUHANOW,Türkmenistanyň Prezidentiniň«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiňýeňijisi, özbegistanly türkmen: — Haýsy döwletde medeniýete, sungata aýratyn üns berilýän bolsa, şol döwletiň ykdysady ýagdaýy gurpludyr, halky bagtyýardyr. Biz muny taryhy ata Watanymyzyň mysalynda göre-göre gelýäris. Elbetde, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösüşini, owadan owaz bolup dünýä ýaýraýşyny şahyr ýürekli milli Liderimiz, dünýä türkmenleriniň Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugra berýän ägirt uly ünsünden, milli medeniýetimizi giň halkara jemgyýetçiligine ýaýmak ugrundaky buýsandyryjy işlerinden üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew», «Türkmen alabaýy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly onlarça kitaby milletimiziň köpöwüşginli medeniýetini, sungatyny, asyrlaryň dowamynda döreden hem-de kämil görnüşe ýetiren taýsyz gymmatlyklaryny Zemin halklaryna wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Medeniýetiň toýy — bagtyýarlygyň ýaňy

Halkyň ruhuna ýakyn islendik täzelik ýyllaryň geçmegi bilen däbe öwrülýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň başlangyjy hem-de 2012-nji ýylyň 29-njy awgustynda gol çeken Karary esasynda 2013-nji ýylyň 24 — 30-njy iýuny aralygynda ilkinji sapar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda badalga alan Medeniýet hepdeliginiň mysalynda hem göre-göre gelýäris. Şondan bäri bu Hepdeligi her ýylyň iýun aýynyň soňky ongünlüginde uly dabara, şatlyk-şagalaňa besläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda gezegine geçirmek asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Özem, ezelinde türkmeniň şahandazlygy üçin bolsa gerek, Medeniýet hepdeligi turuwbaşdan ähli watandaşlarymyzyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan sungat baýramçylygy hökmünde ýüreklerimiziň töründen mynasyp orun aldy. Aslynda, biziň halkymyz toý-baýrama aýratyn gadyr goýýan halk. Görogly begiň «Bir toý tutuň älem galsyn haýrana» diýmesi, ertekilerimizdir dessanlarymyzdaky hepdeläp, kyrk günläp toý tutulyşy ýa-da dürli döwürlerde türkmen topragynda bolan çet ýurtly jahankeşdelerdir taryhçylaryň haýran galmak bilen «Türkmenler toý tutanlarynda ertirini alada etmän, ýygnap-ýygşyranja ähli zadyny orta dökýärler» diýip ýazmaklary halkymyzyň milli häsiýetiniň toýçuldygyndan, şahandazdygyndan hem-de ruhy dünýäsiniň baýdygyndandyr.