Rowaç tutumlaryň badalgasy

13 Iýul 2021
781

Belent sepgitler we ösüşler halkyň sosial ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine oňyn täsirini ýetirýär. Munuň şeýledigini geçen anna güni Milli Geňeşiň wekilleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň häkimleriniň hem-de olaryň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýylyň alty aýynda edilen işlere seljerme berlip, geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Döwletiň ösüş derejesini kesgitleýji bu mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ilerletmek, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrundaky maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuşa ornaşdyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň gün tertibine garalyp, ilki bilen, bank ulgamynda alnyp barylýan işlere seredildi. Bu ulgamda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýylyň ýarymynda hojalyk düzümlerine, kiçi we orta telekeçilere, hususy önüm öndürijilere döredilen ýeňillik karz serişdeleriniň, şeýle-de sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň geriminiň giňemegi bilen «Internet-bank» töleg ulgamy arkaly şahsy taraplar, hususy telekeçiler tarapyndan geçirilen hasaplaşyklaryň möçberleriniň artandygy aýdyldy.

«Türkmen dünýäsi».