Garaşsyzlyk — ata-babalarymyzyň arzuwlan bitewi döwletliligi, özerkliligi we ruhy kämilligidir. Iki ýarym müçäni arka aýlan Garaşsyzlyk Oguz nesliniň bagty bolup belentde parlaýan ýaşyl tuguny Ýer ýüzüne ýaz ýapynjasy edip türkmen halkyny millilik, dowamly ösüş ýoly arkaly millet derejesinde kemala getirdi. Hyýaly ertekilerdäki jadyly saçakdyr sandygyň, uçýan halydyr Erem bagynyň hakykat ýüzündäki suduryny, asyl durmuşy keşbini görmek isleýänler diňe bu mukaddesligiň üznüksiz eçilýän miweleriniň janly şaýady bolanlarynda göz ýetirerler. Elbetde, rowaýatlaram, ertekilerem, nakyllardyr atalar sözlerem halkyň arzuw-islegleriniň amala aşan we oňa garaşylýan pursatlary döreýär. Emma olaryň köpüsi dilden-dile, ilden-ile aýlanyp, näbelli söz ussatlary tarapyndan has-da çeperleşdirilip taryhyň gatyna, ynsanyň aňyna hyýaly bir zat bolup ornaýar. Şol hyýallylygy gaýtadan janlandyrmak bolsa diňe bitewüligi, agzybirligi, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy we beden sagdynlygyny kemala getirmegi, kämilleşdirmegi, ösdürmegi, özgertmegi talap edýär. Özbaşdak döwlet diýlip ykrar edilenine sanly ýyl, ýagny üç onluk geçse-de, Watanymyzyň halkara abraýy, içeri we daşary syýasatynyň bady, adama goýýan gadyr-gymmaty barada otuz müňdenem gowrak rowaýatdyr ertekilik taryhy wakalaryň zynjyry biri-biri bilen sepleşip, gerimini has giňeldip gidip otyr.
ХХ asyryň togsan birinji güýzüniň Türkmen döwletiniň asudalyk, özygtyýarlylyk, sözüň doly manysyndaky Garaşsyzlyk daňyny atyranyna eýýäm 30 ýyla golaý wagt bolupdyr. Şol geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň medeni durmuşynda, halkymyzyň aň-düşünjesinde, ýurduň ösüş ugruny gelejege sary alyp barýan syýasy, ykdysady ugurlarda özakymlaýyn, basgançaklaýyn binýady kemala gelip, halkyň abadan durmuşyny kepillendirdi. Täze döwrebap jemgyýetçilik gatnaşyklary yzygiderli ýola goýlup, adam-tehnologiýa, tehnologiýa-tehnologiýa işjeňligini durmuşa ornaşdyrmak bilen ХХI asyry tehnologiýalaryň zamanasyna öwürdi. Umumy adamzadyň akylýetirijilik, döredijilik zähmeti esasynda özgerýän dünýäniň döwrebap döwletleriniň hataryndan orun almaklyk üçinem badyňa bat goşup, onuň bilen bir hörpden gopmak gerek.