Bitaraplyk we syýahatçylyk

13 Iýul 2021
786

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesi dünýä dolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen 50-nji mejlisinde 185 döwletiň gatnaşmagynda birinji gezek hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69-njy mejlisinde 193 döwletiň gatnaşmagynda ikinji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

Garaşsyzlygy gazanyp, hemişelik Bitaraplyga eýe bolany bäri dünýä derejesinde at-abraýy has-da artýan Watanymyzda alnyp barylýan syýasy, ykdysady hyzmatdaşlyklar bilen birlikde, medeni hyzmatdaşlyklar hem halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berýär.

Myrat ÖWEZOW,
«Syýahat» žurnaly.