Irki zamanlarda haýsam bolsa bir halkyň hal-ýagdaýyny bilmek üçin, şol ýurduň bazaryna barlar eken. Belki, häzirki wagtda-da şol kesgitlemäni dogry diýip hasaplap bolar. Ýöne bu pikire ýene bir aýratynlygy uly buýsanç bilen goşasym gelýär: şu günki gün biziň ýurdumyzyň bazarlary-da öz bolçulygy bilen göreni haýrana goýýar, şeýle-de watandaşlarymyzyň ýüzlerindäki mähirli ýylgyryşlarydyr ruhubelent duýgulary ählimizi begendirýär. Aýdylanlar biziň bagtyýar zamanamyzyň aýdyň häsiýetnamasydyr. Şol sebäpli ähli türkmenistanlylar şeýle ajaýyp döwri peşgeş berip, gije-gündiz her bir adamyň aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyza müň keren alkyşlaryny aýdýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň beýik döwri barada gürrüň etmek diýseň ýakymly. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryh üçin uzak bolmadyk wagtda biziň mukaddes Watanymyz düýpgöter özgerip, özüniň ösüşli ýoluny ynamly dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik döwründe her birimiz bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň pajarlap ösüşlerine guwanyp ýaşaýarys, ata Watanymyzyň dünýä içre ýeten belent abraýyna buýsanýarys!