Sagdyn durmuş ýörelgesi — bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

13 Iýul 2021
1223

Halkyň saglygy, ýurduň abadançylygy iň wajyp meseleleriň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda durmuş-ykdysady meseleleri çözmeklige we halkyň saglygyny goramaklyga esasy orun berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda ägirt uly öňegidişlikler, ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda bütindünýä lukmançylygynda saglygy goramaklyk, keseliň öňüni alyş çäreleri, esasan, sagdyn durmuş ýörelgeleri ürç edilip öwrenilýän meseleleriň biridir. Adam saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny pugtalandyrmak üçin bedenterbiýe we sport ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.

Babaguly JUMAÝEW,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkeziniň esasy ylmy işgäri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.