Halkyň ruhuna ýakyn islendik täzelik ýyllaryň geçmegi bilen däbe öwrülýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň başlangyjy hem-de 2012-nji ýylyň 29-njy awgustynda gol çeken Karary esasynda 2013-nji ýylyň 24 — 30-njy iýuny aralygynda ilkinji sapar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda badalga alan Medeniýet hepdeliginiň mysalynda hem göre-göre gelýäris. Şondan bäri bu Hepdeligi her ýylyň iýun aýynyň soňky ongünlüginde uly dabara, şatlyk-şagalaňa besläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda gezegine geçirmek asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Özem, ezelinde türkmeniň şahandazlygy üçin bolsa gerek, Medeniýet hepdeligi turuwbaşdan ähli watandaşlarymyzyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan sungat baýramçylygy hökmünde ýüreklerimiziň töründen mynasyp orun aldy.
Aslynda, biziň halkymyz toý-baýrama aýratyn gadyr goýýan halk. Görogly begiň «Bir toý tutuň älem galsyn haýrana» diýmesi, ertekilerimizdir dessanlarymyzdaky hepdeläp, kyrk günläp toý tutulyşy ýa-da dürli döwürlerde türkmen topragynda bolan çet ýurtly jahankeşdelerdir taryhçylaryň haýran galmak bilen «Türkmenler toý tutanlarynda ertirini alada etmän, ýygnap-ýygşyranja ähli zadyny orta dökýärler» diýip ýazmaklary halkymyzyň milli häsiýetiniň toýçuldygyndan, şahandazdygyndan hem-de ruhy dünýäsiniň baýdygyndandyr.