Bir barly adamyň ogly agyr keselden gutulypdyr. Ýöne soň göwnüçökgünlik derdine uçrapdyr. Gijesine uklap bilmän, gündizlerine dünýe gözüne dar görnüpdir. Bu derdine derman tapylmansoň, ahyry onuň emini bir danadan sorapdyrlar. Dana uzakdan odun ýygyp gelýän garryja zenany görüp:
— Bar şol zenanyň odunyny öýüne elt we ýene bir arka odun ýygyp, ony-da şol zenanyň öýüne düşür. Şondan soň onuň näme diýýänini gelip maňa aýt, soň derdiň dermanynyň nämedigini aýdaryn — diýipdir.