"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Syrlardan dokalan gözellik

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda uludan bellenilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň dabaralarynda gözel paýtagtymyz Aşgabadyň depesinde pasyrdaýan, öz döwründe iň beýik sütünli Tug hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Döwlet baýdagymyza buýsanç bilen bakyp durşuma çuňňur oýlara berildim. Ýurt asudalygyny, il agzybirligini alyslara buşlap duran ýaşyl Tugumyzyň haly gölleri durmuşymda bolup geçen bir wakany ýatlatdy. Şol pursat şahyryň: Saňa bakdygymça, düşünip barýan,Watan näme?Ömür näme, sen näme?Asmanymda sen parlasaň, kaýyl men,Ömrümboýy Göge garap gezmäge —

Çagalaryma

Mähriban gyzym, oglum, şeýle gün geler... Men garraryn, şonda maňa düşünjek boluň, goldawym boluň! Eger-de nahar iýenimde birden dökäýsem ýa-da kömegiňiz bolmasa geýnip bilmesem, sabyrly boluň! Çünki meniň size bu zatlary näçe ýyllap öwredenimi unutmaň! Eger-de siziň bilen gürleşenimde, şol bir sözi ýüz gezek gaýtalasam hem meniň sözümi bölmäň. Haçanda siz çagakaňyz, rahatja uklaryňyz ýaly, şol bir hüwdini müň gezek aýdanymy unutmaň! Haçanda täze tehnologiýalara düşünmedik wagtym, gülüp seretmäň. Meniň özüňize nädip dogry iýmeli, nähili gürlemeli, nädip özüňi dogry alyp barmaly we ş.m. köp zatlary öwredenimi unutmaň!

Sowgadyň ulusy (Gülküli kyssa)

Doglan gününiň golaýlaşyp gelýän günleriniň birinde agşam naharyndan soň telewizora seredip, çaý içip otyrkak aýalym: «Maňa bu doglan günümde näme sowgat ederkäň?!» diýende, onuň öňki ýyllarda edilen sowgatlardan nägiledigini sesinden aňdym. Sebäbi her doglan gününde oňa öýe gerek bolan gap-gaçlary sowgat ederdim. Juda bolmanda öňi-soňy alyp berilmeli köýneklik matany, köwşi ýa-da başga bir eşigi eýdip-beýdip doglan gününe, zenanlaryň baýramyna gabatlardym. Şonuň üçin, onuň öýkesini aňyp duramsoň, uly bir zat pyşgyrman: «Aý, bir zatlary alaryn-da» diýip, gümmi-sümmi eden boldum-da oňaýdym. O-da haýsydyr bir zadyň adyny tutdurjak bolup durmady. Onuň şeýtmedigine içimden begenenem bolsam, şol günden başlap: «Şu sapar muňa «Bäh» diýdiren bir sowgat alyp bermesem bolmaz. Özem tegelek ýaş. Goý, ömrüne ýadyndan çykmasyn» diýen pikir serimden aýrylmady. Ýöne «Näme almaly?» diýen sorag boýnuny egreldip öňümden çykanda oňa jogap tapman, menem onuň özi ýaly boýnumy egreldip duruberipdirin. Eger aňyrrakdan gelýän geýnüwli gelne gözüm düşmedik bolanlygynda ýene-de näçe durjagym belli däl ekeni. Meniň ünsümi çeken ol gelniň özi däl-de, haýsydyr bir nätanyş jandaryň derisinden tikilen, topugyna ýetip duran gytyjak tüýli paltosydy. Ol paltonyň sähelçe ýagtylyga-da öwşün atyp durşy, gelniň boýny ýok ýaly edip duran, adaja herekete-de tolkun atýan başga bir üýtgeşik deriden edilen ýakasy özüne

Eýranly türkmen russiýada ýylyň futbolçysy boldy

«Zenit» futbol klubunyň hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun 2020 — 2021-nji ýylyň möwsüminde Russiýanyň Premýer ligasynyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Geçirilen ses berlişikde 76 utuk toplan eýranly türkmen ýigidi birinji orny eýeledi. Ol geçen möwsümde topary bilen 24 duşuşyga gatnaşyp, 19 gezek tapawutlanypdy. Şeýle hem bassyr üçünji gezek Russiýanyň çempiony boldy. Ýylyň iň gowy futbolçysyna berlen seslerde 61 utuk bilen ikinji orna «Zenitden» Artýom Dzýuba, 51 utuk bilen üçünji orna «Soçiden» Kristian Noboa mynasyp boldy. Ses berlişige Tinkoff ― RPL-niň baş tälimçileri, kapitanlary, Russiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Stanislaw Çerçesow we «Matç Premýer» teleýaýlymynyň sport teswirçileri gatnaşdylar.

Kitaply sütün

Kitap adamyň iň ýakyn dosty. Ol diňe bir ýakyn dost bolman, hiç wagt seni terk etmejek wepaly syrdaş. Hiç bir gymmatly zat seniň öýüňi kitaplar ýaly bezäp bilmez. Sebäp diýseň, bahasyz gymmatlyk bolan kitaplar diňe bir öýüň, kitap tekjeleriniň bezegi däl-de, ol adam aňynyň, kalbynyň ýagtylandyryjy çyragydyr. Hut şonuň üçin hem Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda beýan edişi ýaly, biziň okumyş ata-babalarymyz hojalygyndaky ýekeje köşekli düýesini kitaba çalşyp bilipdirler. Halkymyzyň ilkinji aň-bilim ýaýradyjylarynyň biri Ärsarybaba bolsa, milletiň sowatly bolmagy üçin, köneürgençli Şyh Yslam Şeref Hoja Horezmä kyrk düýe nyýaz (sowgat) berip, «Muinu-l-mürid» «Müritlere (talyplara) gollanma» atly kitaby ýazdyrypdyr. Ol kitap dört asyra golaý wagtlap Watanymyzyň çäklerindäki medreseleriň esasy okuw gollanmasy bolupdyr.

Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat hakynda aýdanlaryndan:

Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun tapan desgalary bilen haýrana goýýan Aşgabat bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi. * * *

Aşgabat — dünýäniň gülläp ösýän şäheri

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen üstünlikli geçýän ýylymyzda ýurdumyzda şanly seneler, ýagny ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy giňden bellenilýär. Şu baýramlar mynasybetli eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda baş şäherimizde hem köpsanly çärelerdir dabaralar geçirilýär. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralarynyň geçirilendigini, ýurdumyzyň baş şäheriniň ýeten sepgitlerini hem-de geljekki ösüş meýilnamalaryny açyp görkezýän giň gerimli XX halkara köpugurly serginiň işini, täze 400 sany awtobusyň we 200 sany ýeňil awtoulagyň ýola düşendigini, şeýle hem täze desgalaryň gurlup, ulanylmaga berlendigini uly buýsanç bilen aýdyp bolar.

Kärdeşlerimiz gutlaýarlar

Tulanbaý KURBANOW,gyrgyz žurnalisti:

Akadagly ak paýtagt

Aşgabat — eziz Watanymyzyň täji. Aşgabat — mähriban halkymyzyň göz guwanjy, belent buýsanjy.

Bagtyýarlygyň şäheri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ösüşleriň aýdyň ýoly bilen barha öňe ilerleýän ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeler gözel paýtagtymyzyň keşbini has-da gözelleşdirip, dünýä derejesinde nusgalyk şäher hökmünde at-abraýyny belende galdyrýar. «Aşgabady döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras goýmalydyrys» diýýän milli Liderimiz ak şäherimiz Aşgabady abadanlaşdyrmak, mundan beýläk-de ösdürmek babatda uly işleri durmuşa geçirýär. Günsaýyn gözel keşbe beslenýän paýtagtymyz Aşgabat biziň ata Watanymyzyň häzirki döwrüni hem-de röwşen geljegini alamatlandyrýan ajaýyp şäherdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň ähli künjeginde, şol sanda ak mermerli paýtagtymyzda hem giň gerimli gurluşyk işleri amala aşyrylýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de Aziýanyň merjen şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygynyň ruhunda ýaşaýan döwrümizde bolsa şol işler has-da ýaýbaňlandyryldy.

«Bagt köşgi» — bagta gapy

Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzy,Daşyn halkalaýyn gurşan bu bina.Gözel keşbi bilen hem işi bilen,Bolupdyr ýaşlaryň dillerne sena. Howalanyp baýryň belent gerşinde,Diýdirýär ol: «Düşüpdir tüýs jüpüne».Nusgalykdyr täsin görnüşi bilen,Dünýäň gözel binalarnyň köpüne.

Aşgabat Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan edilen 2021-nji ýyl dabaraly wakalara, toýlara, şanly senelere beslenýär. Bu ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Soňky döwürde Aşgabat şäheri dünýäniň iň bir gözel, arassa, ilatyň ýaşamagy we dynç almagy üçin amatly şäherleriň birine öwrüldi. Bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýä giňişliginde halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň hem-de iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän şäheri hökmünde tanalýar. Türkmenistan Watanymyzyň ýüregi, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherine Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan hem mynasyp orun berilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň ajaýyp paýtagtynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň mysalydyr.

Paýtagt şäheriniň ähmiýeti

Düýn, ýagny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabara bilen bellenip geçildi. Milli Liderimiz: «Islendik döwletiň paýtagty onuň ýüzi, aýnasy bolup durýar» diýýär. Şol sebäpden hem paýtagt şäherimizi hemişe üns merkezinde saklaýar. Munuň şeýledigi gündelik durmuşymyzda-da, geçmiş taryhymyzda-da döwletiň paýtagtyna berilýän ähmiýetde aýdyň görünýär.

Dünýä türkmenleri gutlaýarlar

Abdyrahman AHMET ogly,owganystanly türkmenleriň MagtymgulyPyragy jemgyýetiniň ýolbaşçysy:

Awazanyň kenarynda

Galkýar göge göwün guşum,Awazanyň kenarynda.Ganat kakýar deňiz guşum,Awazanyň kenarynda. Hazar tolkun atýar assa,Ýeňlär derdiň ýürek gyssa,Gujak açýas dogan-dosta,Awazanyň kenarynda.

Şypahanalar ulgamy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibine laýyklykda dynç almaga gitmek üçin degişli lukmançylyk gözegçiliginden geçip, saglyk kepilnamasyny almaly. Lukmançylyk gözegçiligine 72 sagadyň dowamynda gidilende we gaýdylanda COVID-19 ýokanja test barlagyndan geçmeklik, şeýle hem 18 ýaşdan ýokary bolan raýatlara bolsa, gitmezinden 10 gün öň ýollanma hatlaryny alanlaryndan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjymyny almaklyk degişlidir.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň! * * *

Sylaşyk maşgalanyň sütüni

Günlerde bir gün bir ýaş ýigit obada sylagly ýaşuludan: «Siziň maşgalaňyz agzybir, bagtyýar, şonuň syry nämede?» diýip sorapdyr. Ýaşuly ýylgyryp: «Ýör, ilki öýe gideli, aýalym unaş bişirmäge gaty ökde. Ilki bir unaş bişirdip içeli, onsoň jogap bereýin» diýipdir. Ýaşuly öýüne girip:

Gadymy hem müdimi haly

Haly — bu mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň gudraty bilen döreýän nepis sungat, özem gadymy sungat. Göreniňden özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salsaň, özüň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe guwanýarsyň. Gadymdan bäri inçe senet hökmünde tanalýan türkmen haly görnüşlerine teke, ýomut, beşir, ärsary, çowdur ýaly halylar girýär. Her taýpanyň, toplumyň haly gölleriniň özüne laýyk gelýän manysynyň bolmagy hem bu sungatyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyna aýdyň subutnamadyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym, bilim we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçirilen hökümetara 14-nji mejlisinde türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdi örän buýsandyryjydyr. Munuň özi ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän, türkmen dünýäsiniň taryhyny, tebigatymyzyň gözelliklerini, zenan kalbynyň tämizligini özünde jemleýän halyçylyk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir. Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine taryhy maglumatlar, ylmy çeşmeler, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçy syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan haly önümleri we beýleki maglumatlar şaýatlyk edýär. Häzirki durmuşymyzda ulanylýan halylaryň we haly önümleriniň gadymy kökleri tür

Sadaka

Bir adam Hoja Ýusup babanyň ýanyna baryp: — Meniňem ile duz dadyryp, sadaka paýlasym gelýär. Ýöne gazanjym az bolansoň, çagalarymy zordan ekleýän. Men nädip sadaka berip bilerin? — diýipdir.