Mähriban gyzym, oglum, şeýle gün geler... Men garraryn, şonda maňa düşünjek boluň, goldawym boluň! Eger-de nahar iýenimde birden dökäýsem ýa-da kömegiňiz bolmasa geýnip bilmesem, sabyrly boluň! Çünki meniň size bu zatlary näçe ýyllap öwredenimi unutmaň!
Eger-de siziň bilen gürleşenimde, şol bir sözi ýüz gezek gaýtalasam hem meniň sözümi bölmäň. Haçanda siz çagakaňyz, rahatja uklaryňyz ýaly, şol bir hüwdini müň gezek aýdanymy unutmaň! Haçanda täze tehnologiýalara düşünmedik wagtym, gülüp seretmäň. Meniň özüňize nädip dogry iýmeli, nähili gürlemeli, nädip özüňi dogry alyp barmaly we ş.m. köp zatlary öwredenimi unutmaň!