Sowgadyň ulusy (Gülküli kyssa)

8 Iýun 2021
1911

Doglan gününiň golaýlaşyp gelýän günleriniň birinde agşam naharyndan soň telewizora seredip, çaý içip otyrkak aýalym: «Maňa bu doglan günümde näme sowgat ederkäň?!» diýende, onuň öňki ýyllarda edilen sowgatlardan nägiledigini sesinden aňdym. Sebäbi her doglan gününde oňa öýe gerek bolan gap-gaçlary sowgat ederdim. Juda bolmanda öňi-soňy alyp berilmeli köýneklik matany, köwşi ýa-da başga bir eşigi eýdip-beýdip doglan gününe, zenanlaryň baýramyna gabatlardym. Şonuň üçin, onuň öýkesini aňyp duramsoň, uly bir zat pyşgyrman: «Aý, bir zatlary alaryn-da» diýip, gümmi-sümmi eden boldum-da oňaýdym. O-da haýsydyr bir zadyň adyny tutdurjak bolup durmady. Onuň şeýtmedigine içimden begenenem bolsam, şol günden başlap: «Şu sapar muňa «Bäh» diýdiren bir sowgat alyp bermesem bolmaz. Özem tegelek ýaş. Goý, ömrüne ýadyndan çykmasyn» diýen pikir serimden aýrylmady.

Ýöne «Näme almaly?» diýen sorag boýnuny egreldip öňümden çykanda oňa jogap tapman, menem onuň özi ýaly boýnumy egreldip duruberipdirin. Eger aňyrrakdan gelýän geýnüwli gelne gözüm düşmedik bolanlygynda ýene-de näçe durjagym belli däl ekeni. Meniň ünsümi çeken ol gelniň özi däl-de, haýsydyr bir nätanyş jandaryň derisinden tikilen, topugyna ýetip duran gytyjak tüýli paltosydy. Ol paltonyň sähelçe ýagtylyga-da öwşün atyp durşy, gelniň boýny ýok ýaly edip duran, adaja herekete-de tolkun atýan başga bir üýtgeşik deriden edilen ýakasy özüne bendi etmezçe-de däldi.

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy.