«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda uludan bellenilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň dabaralarynda gözel paýtagtymyz Aşgabadyň depesinde pasyrdaýan, öz döwründe iň beýik sütünli Tug hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Döwlet baýdagymyza buýsanç bilen bakyp durşuma çuňňur oýlara berildim. Ýurt asudalygyny, il agzybirligini alyslara buşlap duran ýaşyl Tugumyzyň haly gölleri durmuşymda bolup geçen bir wakany ýatlatdy. Şol pursat şahyryň:
Saňa bakdygymça, düşünip barýan,
Watan näme?
Ömür näme, sen näme?
Asmanymda sen parlasaň, kaýyl men,
Ömrümboýy Göge garap gezmäge —