Haly — bu mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň gudraty bilen döreýän nepis sungat, özem gadymy sungat. Göreniňden özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salsaň, özüň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe guwanýarsyň. Gadymdan bäri inçe senet hökmünde tanalýan türkmen haly görnüşlerine teke, ýomut, beşir, ärsary, çowdur ýaly halylar girýär. Her taýpanyň, toplumyň haly gölleriniň özüne laýyk gelýän manysynyň bolmagy hem bu sungatyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyna aýdyň subutnamadyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym, bilim we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçirilen hökümetara 14-nji mejlisinde türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdi örän buýsandyryjydyr. Munuň özi ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän, türkmen dünýäsiniň taryhyny, tebigatymyzyň gözelliklerini, zenan kalbynyň tämizligini özünde jemleýän halyçylyk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir.
Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine taryhy maglumatlar, ylmy çeşmeler, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçy syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan haly önümleri we beýleki maglumatlar şaýatlyk edýär. Häzirki durmuşymyzda ulanylýan halylaryň we haly önümleriniň gadymy kökleri türkmen taryhynyň gadymylygyna, onuň geçmişde beýik sungatynyň bolandygyna, ata-babalarymyzyň häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ýaşandygyna güwä geçýär. Eneolit we bürünç eýýamlaryndan başlap türkmenleriň ata-babalarynda halyçylyk sungatynyň bolandygyny, bu sungatyň gündelik hojalyk durmuşlarynda uly orun tutandygyny tassyklaýan maglumatlar Günorta-Günbatar Türkmenistandan alyndy.