Aşgabat Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda

25 Maý 2021
959

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan edilen 2021-nji ýyl dabaraly wakalara, toýlara, şanly senelere beslenýär. Bu ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Soňky döwürde Aşgabat şäheri dünýäniň iň bir gözel, arassa, ilatyň ýaşamagy we dynç almagy üçin amatly şäherleriň birine öwrüldi. Bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýä giňişliginde halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň hem-de iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän şäheri hökmünde tanalýar.

Türkmenistan Watanymyzyň ýüregi, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherine Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan hem mynasyp orun berilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň ajaýyp paýtagtynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň mysalydyr.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.