Düýn, ýagny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabara bilen bellenip geçildi.
Milli Liderimiz: «Islendik döwletiň paýtagty onuň ýüzi, aýnasy bolup durýar» diýýär. Şol sebäpden hem paýtagt şäherimizi hemişe üns merkezinde saklaýar. Munuň şeýledigi gündelik durmuşymyzda-da, geçmiş taryhymyzda-da döwletiň paýtagtyna berilýän ähmiýetde aýdyň görünýär.