Bagtyýarlygyň şäheri

25 Maý 2021
1117

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ösüşleriň aýdyň ýoly bilen barha öňe ilerleýän ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeler gözel paýtagtymyzyň keşbini has-da gözelleşdirip, dünýä derejesinde nusgalyk şäher hökmünde at-abraýyny belende galdyrýar. «Aşgabady döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras goýmalydyrys» diýýän milli Liderimiz ak şäherimiz Aşgabady abadanlaşdyrmak, mundan beýläk-de ösdürmek babatda uly işleri durmuşa geçirýär.

Günsaýyn gözel keşbe beslenýän paýtagtymyz Aşgabat biziň ata Watanymyzyň häzirki döwrüni hem-de röwşen geljegini alamatlandyrýan ajaýyp şäherdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň ähli künjeginde, şol sanda ak mermerli paýtagtymyzda hem giň gerimli gurluşyk işleri amala aşyrylýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de Aziýanyň merjen şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygynyň ruhunda ýaşaýan döwrümizde bolsa şol işler has-da ýaýbaňlandyryldy.

Rozygül BORJAKOWA,
Türkmenabat şäherindäki 2-nji kömekçi mekdep-internatyň mugallymy.