Kitap adamyň iň ýakyn dosty. Ol diňe bir ýakyn dost bolman, hiç wagt seni terk etmejek wepaly syrdaş. Hiç bir gymmatly zat seniň öýüňi kitaplar ýaly bezäp bilmez. Sebäp diýseň, bahasyz gymmatlyk bolan kitaplar diňe bir öýüň, kitap tekjeleriniň bezegi däl-de, ol adam aňynyň, kalbynyň ýagtylandyryjy çyragydyr. Hut şonuň üçin hem Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda beýan edişi ýaly, biziň okumyş ata-babalarymyz hojalygyndaky ýekeje köşekli düýesini kitaba çalşyp bilipdirler. Halkymyzyň ilkinji aň-bilim ýaýradyjylarynyň biri Ärsarybaba bolsa, milletiň sowatly bolmagy üçin, köneürgençli Şyh Yslam Şeref Hoja Horezmä kyrk düýe nyýaz (sowgat) berip, «Muinu-l-mürid» «Müritlere (talyplara) gollanma» atly kitaby ýazdyrypdyr. Ol kitap dört asyra golaý wagtlap Watanymyzyň çäklerindäki medreseleriň esasy okuw gollanmasy bolupdyr.