Arkadagly türkmensiň!
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna Geçmişde kän döwletleri döreden,Arslan-şir ýigitli, hanly türkmensiň.Ruhun belent tutup, däbin ýöreden,Asly halal, aşly-nanly türkmensiň.Şadöwletler gurup, şa bolup ýaşan,Söweş güni ner deý kükreýip-joşan.Ykbal çüwüp, dabarasy dag aşan,Zemin içre şöhrat-şanly türkmensiň.Lebizlidir dosta, päli pes murdan,Ygrarlydyr söze, pataly pirden.Gönezligni alyp toprakdan, nurdan,Ynsanperwer, päk imanly türkmensiň.Meşhur atalarmyz eredip demrem,Ylym ojagyna öwrüpdir Merwem...Zalymlara garşy mert gylyç gemrenTogrul, Çagry, Alp Arslanly türkmensiň.Üçýyldyz dagynda atyn segredenRöwşen begdir «it urşuny» öwreden.Külli türkmen ilin ýeke göwre edenMert pederli — Oguz hanly türkmensiň.Eždatlarmyz dünýä görkezip zorun,Nepislikler bilen alypdyr orun.Haly bilen bezäp köşkleriň törün,Ajap jaýly, tagt-eýwanly türkmensiň.Lälezar Watanyň gülleýän wagty,Köpe arzuw boldy türkmeniň bagty.Ymmat jebis bolsa geljegi ýagty,Namut dälsiň, bagtdan paýly türkmensiň.Alys ýolda saklap dessuryn-däbin,Bu dünýä dolduryp milletiň çawyn,Adyl