"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Medeniýetim, sungatym!

Gözel halk kalby kimin,Medenýetim, sungatym!Sizden ruh alýar Zemin,Medenýetim, sungatym! Sazandalar saz çalsyn,Göwünler göge galsyn.Owazaň dünýä dolsun,Medenýetim, sungatym!

Daşary ýurtly türkmen aýdymçylarynyň ýürek buýsançlary

Kemaleddin MUHANOW,Türkmenistanyň Prezidentiniň«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiňýeňijisi, özbegistanly türkmen: — Haýsy döwletde medeniýete, sungata aýratyn üns berilýän bolsa, şol döwletiň ykdysady ýagdaýy gurpludyr, halky bagtyýardyr. Biz muny taryhy ata Watanymyzyň mysalynda göre-göre gelýäris. Elbetde, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösüşini, owadan owaz bolup dünýä ýaýraýşyny şahyr ýürekli milli Liderimiz, dünýä türkmenleriniň Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugra berýän ägirt uly ünsünden, milli medeniýetimizi giň halkara jemgyýetçiligine ýaýmak ugrundaky buýsandyryjy işlerinden üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew», «Türkmen alabaýy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly onlarça kitaby milletimiziň köpöwüşginli medeniýetini, sungatyny, asyrlaryň dowamynda döreden hem-de kämil görnüşe ýetiren taýsyz gymmatlyklaryny Zemin halklaryna wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Medeniýetiň toýy — bagtyýarlygyň ýaňy

Halkyň ruhuna ýakyn islendik täzelik ýyllaryň geçmegi bilen däbe öwrülýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň başlangyjy hem-de 2012-nji ýylyň 29-njy awgustynda gol çeken Karary esasynda 2013-nji ýylyň 24 — 30-njy iýuny aralygynda ilkinji sapar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda badalga alan Medeniýet hepdeliginiň mysalynda hem göre-göre gelýäris. Şondan bäri bu Hepdeligi her ýylyň iýun aýynyň soňky ongünlüginde uly dabara, şatlyk-şagalaňa besläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda gezegine geçirmek asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Özem, ezelinde türkmeniň şahandazlygy üçin bolsa gerek, Medeniýet hepdeligi turuwbaşdan ähli watandaşlarymyzyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan sungat baýramçylygy hökmünde ýüreklerimiziň töründen mynasyp orun aldy. Aslynda, biziň halkymyz toý-baýrama aýratyn gadyr goýýan halk. Görogly begiň «Bir toý tutuň älem galsyn haýrana» diýmesi, ertekilerimizdir dessanlarymyzdaky hepdeläp, kyrk günläp toý tutulyşy ýa-da dürli döwürlerde türkmen topragynda bolan çet ýurtly jahankeşdelerdir taryhçylaryň haýran galmak bilen «Türkmenler toý tutanlarynda ertirini alada etmän, ýygnap-ýygşyranja ähli zadyny orta dökýärler» diýip ýazmaklary halkymyzyň milli häsiýetiniň toýçuldygyndan, şahandazdygyndan hem-de ruhy dünýäsiniň baýdygyndandyr.

Magtymguly — ýer ýüzüniň şahyry

Ýurdumyzda her ýyl Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilip geçilmegi sungata, şygryýete, döredijilik adamlaryna goýulýan uly hormatyň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyz şu ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çärelere düýpli taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede geçirmek barada degişli ýolbaşçylaryň öňünde birnäçe anyk wezipeleri goýdy. Şonuň netijesinde gadymy Lebap topragynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli badalga aldy. Türkmen halkynyň Magtymguly atamyza goýýan hormat-sylagy örän aňyrdandyr. Şeýle-de, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy daşary ýurtly halklaryň hem esasy üns merkezinde durýar. Mälim bolşy ýaly, häzire çenli Magtymgulynyň goşgulary azerbaýjan, arap, pars, gazak, iňlis, ispan, nemes, hytaý, koreý, belarus, ukrain, özbek, gyrgyz, türk, rus ýaly dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi. Magtymguly atamyzyň dana paýhasly dünýägaraýşy halkara ülňülerinde ägirt uly abraý-mertebä eýe bolýar. «Türksoý» halkara guramasynyň Karary bilen 2014-nji ýyl Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Akyldar şahyrymyzyň heýkelleri dünýäniň birnäçe ýurdunda dikeldildi. Bu bolsa dünýäniň türkmen akyldaryna bolan uly hormatynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Maşgala mukaddesligi ojakdan başlanýar

Ojak diýlende ýaş döwürlerimizde boz sähralykdan, çöl ýerlerden getirilip, howlynyň bir çüňküne üýşürilip goýulýan üýşmek sazak göz öňüne gelýär. Onuň sebäbem öýde bir işe güýmenip ýörkäň, ojaga käte bir bölek sazak oklarsyň welin, onuň çoguna jaýyň içi gyzýardy. Onsoň, günuzyn gübürdäp ot ýanan ojaklaryň ýylysyna uzak gije üşemän ýatyp bolýardy. Şonuň üçinem ol döwürler ojak gaty ýoňdy, ol öýsaýyn bardy. Çünki maşgala ojakdan başlanýardy. Täze maşgala öý dikilende-de, ilki bilen, maşgalada rysgal-döwlet bolmagy niýet edilip gurulýan zatlaryň biri ojakdy. Biziň özümizi bilip gulagymyzda galyşyna görä, türkmen öýünde ojak hem tamdyr ýaly mukaddes saýylýar, ol häzirem şeýle. Aradan ep-eslije ýyl geçenem bolsa, ojaga ot ýakyp, onda bişirilýän duz-tagamlardan dadyp göremizsoň, halkymyzyň milli miraslarynyň biri hasaplanýan ojaklar barada bilen-gören zatlarymy aýtmak juda ýakymly. Paýhasly ata-babalarymyz ojagyň dürli-dürli görnüşlerini arkama-arka geçiripdirler. Şondan ugur alybam üstünden ençeme aýlaryň, ýyllaryň geçmegi bilen mukaddes ojaklaryň dürli görnüşlerini gurmak ýoň bolupdyr we biziň günlerimize gelip ýetipdir. Obada howlularyň içinden uly toý gazanlaryny atarmak üçin goşa ojaklar gurulýardy. Onuň gapdalynda çaý gaýnatmak, gündelik biş-düş etmek üçin kiçiräk gazan-ojaklar bolardy. Çaýojakda sazagyň oduna gaýnan çaýyň tagamyny çaga bolsak hem örän gowy görýärdik. Ojakda bi

Ýaşa, Türkmenistan, ýaşa, Arkadag!

Bizi sowulmajak bagta ýetiren,Ýaşa, Türkmenistan, ýaşa, Arkadag!Il-ýurduma şöhrat-şanlar getiren,Ýaşa, Türkmenistan, ýaşa, Arkadag! Üstünlikler ýar bolansoň Diýara,Gül bürenen ýurdum döndi gülzara,Şugla saçyp nur çaýylan ykbala,Ýaşa, Türkmenistan, ýaşa, Arkadag!

Ak öýleriň aýdymy

«Nesil terbiýesinde türkmençilik ýoly» atly makalar toplumyndan Dünýä alymlary hüwdini jahanda ilkinji ýaňlanan aýdym hasaplaýarlar. Onuň nirede, haýsy ýurtda, haçan, nähili ýagdaýda we kim tarapyndan aýdylandygy belli däl. Ýöne başy gümmez jygaly, gadymy ene Ýeriň özi ýaly tegelenip duran, töri ýumşak sallançakly ak öýlerimizi synlanyňda welin, çuňňur pikirleneniňi duýman galýarsyň. Gursagyňdaky jigeriň bikarar gürsüldisi: «Hut şu ýerde, türkmeniň şatlykly we toýly günleriniň, gaýgyly we aladaly pursatlarynyň tagamy siňen mukaddes ak öýlerimizde, mähriban käbelerimiziň öz jigerbentlerine bolan uçursyz söýgüsinden, pessaýja sesinden hüwdi sogup çykandyr» diýip, kalbyňa çawuş çakýar. Oňa ynanmazlyk mümkin däl. Sebäbi ençeme asyrlap watansöýerlikde, namys-arlylykda, dogruçyllykda, iline-gününe, sözüne-sazyna, dinine-imanyna ygrarlylykda çawy ýedi yklyma ýaýran türkmeniň öňde-soňda toýlar içre ýaňlandyran aýdymlary ony tassyklaýar.

Sagdyn durmuş ýörelgeleri

Gün urmasyndan goranyň! * * *

Ýiti respirator keselinden goranmagyň ýönekeý usullary

Her bir adam öz saglygyny goramak üçin ýiti respirator we gaýry üzülmeler hakynda esasy maglumatlary bilmelidir. Lukmanlarymyzyň tassyklamaklaryna görä, ýiti respirator keseli örän çalt ýaýraýar, şonuň üçin nähoşlan adam köpçüligiň üýşen ýerine barmakdan saklanmalydyr. Ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kadaly edilmegi barada her bir adamyň aladalanmagy zerurdyr. Gök we miwe önümleri, süýt, balyk, ýumurtga ýaly iýmitler bedeniň dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän we beýleki ýokanç keselleri döredýän wiruslara garşy durýan güýji ýokarlandyrýar. Dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän we beýleki ýokanç kesellerden goranmak üçin agyz suwunyň arassa bolmagy, gigiýenanyň kadalarynyň doly berjaý edilmegi möhümdir. Adam üsgürip, burnundan nem damyp başlasa, aýratyn otagda bolup, mümkin boldugyça köp suw içmelidir, ýokumly we siňňitli bolar ýaly kadaly naharlanmalydyr. Aşa ýyly ýerde saklanmakdan gaça durup, köpräk çaý, miwe şiresini içmeli. Eger-de bedeniň temperaturasy ýokary galsa, öý şertlerinde bedeni süpürip, gyzgyny peseltmeli. Käte üsgülewük bilen sowuklama has agyr kesellere eltip biler. Adamyň dem almasy kynlaşyp ugrasa, onuň öýken sowuklamasy bilen kesellemegi ýa-da öýkende haýsy-da bolsa bir ýokanç keseliň ýüze çykan bolmagy mümkin. Şonuň üçin, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly. Çilim tüssesinden daşda bolmalydyr. Sebäbi temmäki serişdesiniň saglyga ýetirýän zyýanly täsiriniň

Hormatly okyjylar!

Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşiginiň düzümindäki gazetleriň we žurnallaryň bukjasynda ýerleşdirilen «Türkmen dünýäsi» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylsaňyz, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan köpugurly beýik işleri, geçmiş taryhymyzy, milli miraslarymyzy, däp-dessurlarymyzy töwerekleýin beýan edýän, şeýle hem daşary ýurtly türkmenleriň durmuşy, kesp-kärleri bilen tanyşdyrýan täsirli makalalary gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Bulardan başga-da, gazetimizde çap edilýän tymsallar, rowaýatlar, goşgudyr kyssa eserleri, täsinlikler sizi gyzyklandyrsa gerek. 2021-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynyň elektron abunaçysy bolmaga howlugyň!

Terbiýe - sungat

Bir adam mekdebe golaý ýerde ýaşaýan eken. Garrap, hormatly dynç alşa çykansoň, uzynly gün öýde bolmak ony irizipdir. Aýratyn-da okuwçylaryň gohy onuň ýüregine düşýän eken. Bir gün ol ala-goh edişip mekdepden gelýän okuwçylary saklap, şeýle diýipdir: — Çagalar, menem siz ýalykam goh-galmagal etmegi halaýardym. Siz maňa çagalygymy ýatladýaňyz. Öýümiň deňinden geçeniňizde edil şular ýaly goh etseňiz, size her gün bir manat berjek — diýipdir.

Sungat sütüni

Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi mynasybetli welaýatyň merkezinde ýurdumyz boýunça ilkinji gurlan «Ak öý binasy» 2015-nji ýylyň 27-nji noýabrynda açylyp, ulanmaga berildi. Üçeginiň gurluşynda täsin bezegler ulanylan üç gatly binanyň beýikligi 35 metre, diametri 70 metre deňdir. Ak öýüň girelgesiniň ýokarsynda eňsi halysy ýerleşdirilip, onuň ýüzünde peýkam görnüşinde tumar berkidilipdir. Açylyş dabarasynda sungat ussatlaryň hem-de tomaşaçylar köpçüliginiň gatnaşmagynda mähriban Arkadagymyzyň sazyna, sözüne döredilen «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» aýdymy dört müňden gowurak adamyň bir äheňde ýerine ýetirmegi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle-de şol ýyl hormatly Prezidentimize «Türki dünýäsinde bitiren aýratyn hyzmatlary» medaly-da gowşuryldy. * * *

Ylym — parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty we durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleri netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň batly gadamy bilen öňe barýar. Soňky ýyllaryň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz özüniň içeri we daşary syýasatyny bütin dünýäde parahatçylyga, ynanyşmaga, ählumumy howpsuzlyga, durnukly ösüşe doly gönükdirip, gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýdy, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň parahat, asuda, bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün edýär. Bu ösüşleriň netijesinde ata Watanymyz dünýäde ösen döwletleriň hatarynda özüniň mynasyp ornuny eýeledi.

Sylagyňyz gutly bolsun, mähriban Arkadagymyz!

Maglumatlar eýýamy bolan ХХI asyr bütin adamzat aňynyň kämilleşýän, halkara habarlar giňişligine ýol açýan tehnologiýalaryň zamanydyr. Ýer ýüzünde BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplygy iki ýola ykrar edilen Garaşsyz Watanymyz älemiň halkara habarlar giňişligine goşulyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak arkaly daşary syýasatyny, parahatçylygy söýüjilik ýoluny ýöredip, beýleki döwletler bilen özara bähbitli gatnaşygyny pugtalandyrýar. Türkmenistan media ulgamy arkaly «Mir» döwletara teleradiokompaniýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk aragatnaşygyny saklaýar. Bu gatnaşygyň yzygiderli ösüş netijeliligini Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti bolan ýurt Baştutanymyza «Mir» döwletara teleradiokompaniýanyň döşe dakylýan altyn nyşanynyň gowşurylmagy hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Teleradiokompaniýanyň žurnalistiniň milli Liderimiz bilen bolan söhbetdeşligi türkmen teleradioýaýlymy we «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň ýaýlymy arkaly ýurdumyzyň raýatlaryna, dünýä döwletleriniň halklaryna ýetirildi. Ýurt Garaşsyzlygymyz, baky Bitaraplyk syýasatymyz, dünýä bazaryndaky ykdysady kuwwatymyz, ynsanperwer ýörelgelerimiz dogrusyndaky bu söhbetdeşlik we uly sylagyň gowşurylmagy ähli watandaşlarymyzyň ýüzlerine ýylgyryş paýlady, buýsançly başlaryny gök diretdi.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Ýaz aýlary seýilgählerdäki gür baglykda saýraşýan guşlaryň jürküldileri, tomsuň gyzgalaňly günlerinde bolsa Watanymyzyň çar künjegindäki çagalaryň dynç alýan merkezlerinden eşidilýän şadyýan sesler, megerem sazandalaryň bagtyýarlyk mukamynyň notalary bolsa gerek. Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň ýurdy. Çünki ata Watanymyzyň asuda sabalarynyň her biri körpe nesliň şadyýan owazlary bilen garşy alynýar. Çagalaryň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin umumadamzat ähmiýetli işler alnyp barylýar. Döwletimiz Garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, olaryň wagtlarynyň hoş geçmegini gazanmak asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen welaýat, etrap we şäher merkezlerinde dabaralar geçirildi. Möwsümiň birinji tapgyrynda dynç aljak ruhubelent nesiller, merkeze gelmezinden 72 sagat öň COVID-19 ýokanjyna garşy test barlagyndan geçirildi. Üstümizdäki ýylda çagalar merkezlerde her 10 günden 6 tapgyrda dynç alarlar. Geçen ýyla garanyňda her dynç alyş merkezinde kabul edilýän çagalaryň sany 50 göterime çenli azaldylar. Çagalaryň dynç alyş wagtlarynyň bisarpa geçmezligi üçin, her bir dynç alyş merkezi tassyklanan günlük meýilnamalary esasynda hereket eder. Aň we beden işjeňligini gazanyjy bäsleşikler guralar. Halypa mugallymlar çagalaryň uk

Parahatçylyk guşy

«Bitaraplyk — bu biziň dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary parahatçylyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr» diýip, milli Liderimiz baky Bitaraplyk ýörelgesiniň giň we çuň pelsepewi ähmiýetiniň bardygyny beýan edýär. Geçen ýyl 25 ýyllygy halkara derejesinde bellenilen baky Bitaraplygymyzyň hormatyna 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň hem-de bu ýylyň nyşanynda akja kepderiniň şekiliniň ýerleşdirilmeginiň hem aýratyn manysy bardyr. Çünki akja kepderi parahatçylygyň nyşany hökmünde kabul edilendir. «Parahatçylyk» diýlen düşünjede bolsa her bir ynsan asuda durmuşy we arassa asmany göz öňüne getirýär. Asuda durmuş hakyndaky ýakymly oýlara çümenimizde bolsa, bada-bat erkana ýaýnaýan çagalar, olaryň depesinde pelpelläp ýören guşlar, ilki bilen hem bütin dünýäde parahatçylygyň nyşany hökmünde kabul edilen akja kepderiler göz öňümizde janlanýar. Gadymy rowaýata görä, Nuh eýýamynda dünýäni suw basanda bir akja kepderi çüňkjagazyna zeýtun agajynyň bir şahajygyny gysyp, uç-gyragy görünmeýän suwda ýüzüp ýören Nuh pygamberimiziň gämisine gonupdyr. Muny gören Nuh pygamber gury ýeriň golaýdadygyny aňyp, çüňkünde zeýtun agajynyň şahajygyny gysyp, uçup barýan ak kepderini halas bolmagyň alamaty hasaplapdyr.

Garaşsyzlyk — berkararlyk binýady

Garaşsyzlyk türkmen halkynyň alnyndan dogan nurly kuýaşdyr, il-günüň ak bagtydyr. Külli türkmen halky her ýylyň güýzünde mukaddes Garaşsyzlygyň şanly toýuny — baş baýramyny uly joşgun bilen belleýär. Şu ýyl bolsa zähmetsöýer halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy toýuny toýlaýar. Şonuň bilen birlikde, Watanymyzyň ýüregi, merjen paýtagtymyz Aşgabadyň hem 140 ýyllygy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenildi. Munuň özi türkmeniň toýlarynyň goşa-goşadan gelýändiginiň ajaýyp bir mysalydyr. Garaşsyzlyk — bu söz örän köp zady öz içine alýar. Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlygymyz halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Dünýä halklaryna özüniň dostluk-doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün Gahryman Arkadagly, asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, mukaddes watanly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar. Döwletli döwrana eýe bolan halk özüniň beýik Garaşsyzlygynyň miwelerini, eşretini görüp, oňa guwanyp ýaşaýar. Halkymyz oba hojalygynda, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sungatda, sportda, umuman, ähli ulgamlarda gazanýan ajaýyp üstünliklerine buýsanmaga doly hakly.

Kämil bilim, nusgalyk edep — bagtly geljegiň açary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ylym hem-de bilim ynsan durmuşyna röwşen nuruny saçýar. Şu ýörelgeden ugur alyp, biz milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýäris. Ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak, täze bilim toplumlaryny döretmek, sanly bilimi ösdürmek arkaly bilimiň many-mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy, ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Bu bolsa ýaşlarymyzyň halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimleriniň has-da artmagyna, ylym we döredijilik işlerine höwesiniň döremegine, dünýägaraýyşlarynyň giňemegine ýardam berýär.

Sanly resminama ulgamy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda we guramalarynda sanly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň we internet web-saýtlarynyň döredilmegi hem-de olaryň işe girizilmegi bilen bagly birnäçe resminamalar toplumy kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» hem tassyklandy. Şol Resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ösüşiň täze mümkinçilikleri döredilýär. Häzirki döwürde sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Sanly elektron resminama dolanyşygy ýurdumyzyň ministrliklerinde, bank ulgamynda, pudak edaralarynda we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarynda maglumat alyş-çalşygyny döwrebap guramagyň esasynda döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat bo

Aşgabadyň taryhy binalary

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze keşbe eýe bolan paýtagtymyz bu gün göreni haýrana goýýar. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezi hasaplanýan Aşgabat Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň düýpgöter özgerip, sebitiň uly syýasy, ykdysady merkezleriniň birine öwrüldi. Köpetdagy etekläp oturan şäherimiz ýurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda at-abraýy barha belende galýan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň döredilenine 25-nji maýda 140 ýyl boldy. Bagtyýar halkymyz uludan toý tutup, bu ajaýyp wakany dabaraly belläp geçdi. Şol toýuň göwünlerimize ganat bekleden ruhunda ýaşaýan günlerimiz giň köçeleri, täsin binalary, bagy-bossana bürenen seýilgähleri bilen haýrana goýýan ak şäherimiz Aşgabadyň taryhy ýoluna göz aýlasak, ol ýoluň gözbaşynyň gadymyýetiň çuňluklaryna uzaýandygyny görmek bolýar. Aşgabat ilkibaşda kiçeňräk gala berkitmesi eken. Geçen 140 ýylyň dowamynda şäher, gör, nähili özgerdi. Köne Aşgabat obasynyň ornunda ajaýyp, döwrebap häzirki zaman şäheri kemala geldi. Taryhy maglumatlara ýüzlensek, 1885-nji ýylda Aşgabada demir ýol gelýär. Bu ýoluň çekilmegi bilen şähere Ýewropadan, Russiýadan, Kawkazdan işlemäge gelýänler köpelipdirler we Aşgabatda oturymlylaşypdyrlar. Maglumatlara görä, Aşgabatda XX asyryň başynda dürli milletiň wekillerinden kyrk müňe golaý adam ýaşapdyr. Şähe