Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Ylym hem-de bilim ynsan durmuşyna röwşen nuruny saçýar. Şu ýörelgeden ugur alyp, biz milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýäris. Ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak, täze bilim toplumlaryny döretmek, sanly bilimi ösdürmek arkaly bilimiň many-mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy, ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Bu bolsa ýaşlarymyzyň halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimleriniň has-da artmagyna, ylym we döredijilik işlerine höwesiniň döremegine, dünýägaraýyşlarynyň giňemegine ýardam berýär.