Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi mynasybetli welaýatyň merkezinde ýurdumyz boýunça ilkinji gurlan «Ak öý binasy» 2015-nji ýylyň 27-nji noýabrynda açylyp, ulanmaga berildi. Üçeginiň gurluşynda täsin bezegler ulanylan üç gatly binanyň beýikligi 35 metre, diametri 70 metre deňdir. Ak öýüň girelgesiniň ýokarsynda eňsi halysy ýerleşdirilip, onuň ýüzünde peýkam görnüşinde tumar berkidilipdir. Açylyş dabarasynda sungat ussatlaryň hem-de tomaşaçylar köpçüliginiň gatnaşmagynda mähriban Arkadagymyzyň sazyna, sözüne döredilen «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» aýdymy dört müňden gowurak adamyň bir äheňde ýerine ýetirmegi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle-de şol ýyl hormatly Prezidentimize «Türki dünýäsinde bitiren aýratyn hyzmatlary» medaly-da gowşuryldy.
* * *