Bagtyýar çagalygyň mekany

8 Iýun 2021
1136

Ýaz aýlary seýilgählerdäki gür baglykda saýraşýan guşlaryň jürküldileri, tomsuň gyzgalaňly günlerinde bolsa Watanymyzyň çar künjegindäki çagalaryň dynç alýan merkezlerinden eşidilýän şadyýan sesler, megerem sazandalaryň bagtyýarlyk mukamynyň notalary bolsa gerek. Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň ýurdy. Çünki ata Watanymyzyň asuda sabalarynyň her biri körpe nesliň şadyýan owazlary bilen garşy alynýar. Çagalaryň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin umumadamzat ähmiýetli işler alnyp barylýar.

Döwletimiz Garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, olaryň wagtlarynyň hoş geçmegini gazanmak asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen welaýat, etrap we şäher merkezlerinde dabaralar geçirildi. Möwsümiň birinji tapgyrynda dynç aljak ruhubelent nesiller, merkeze gelmezinden 72 sagat öň COVID-19 ýokanjyna garşy test barlagyndan geçirildi. Üstümizdäki ýylda çagalar merkezlerde her 10 günden 6 tapgyrda dynç alarlar. Geçen ýyla garanyňda her dynç alyş merkezinde kabul edilýän çagalaryň sany 50 göterime çenli azaldylar. Çagalaryň dynç alyş wagtlarynyň bisarpa geçmezligi üçin, her bir dynç alyş merkezi tassyklanan günlük meýilnamalary esasynda hereket eder. Aň we beden işjeňligini gazanyjy bäsleşikler guralar. Halypa mugallymlar çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açmak maksady bilen surat, tebigy zatlardan maket ýasamaklyk, çeper okaýyş, hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplaryndan rowaýatlary sahnalaşdyrmak ýaly bäsleşikler hem-de ýekebara, toparara sport ýaryşlary gurarlar. Olardan bedene oňyn täsirini ýetirýän milli oýunlara aýratyn üns berler.

«Türkmen dünýäsi».