Her bir adam öz saglygyny goramak üçin ýiti respirator we gaýry üzülmeler hakynda esasy maglumatlary bilmelidir. Lukmanlarymyzyň tassyklamaklaryna görä, ýiti respirator keseli örän çalt ýaýraýar, şonuň üçin nähoşlan adam köpçüligiň üýşen ýerine barmakdan saklanmalydyr. Ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kadaly edilmegi barada her bir adamyň aladalanmagy zerurdyr. Gök we miwe önümleri, süýt, balyk, ýumurtga ýaly iýmitler bedeniň dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän we beýleki ýokanç keselleri döredýän wiruslara garşy durýan güýji ýokarlandyrýar. Dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän we beýleki ýokanç kesellerden goranmak üçin agyz suwunyň arassa bolmagy, gigiýenanyň kadalarynyň doly berjaý edilmegi möhümdir.
Adam üsgürip, burnundan nem damyp başlasa, aýratyn otagda bolup, mümkin boldugyça köp suw içmelidir, ýokumly we siňňitli bolar ýaly kadaly naharlanmalydyr. Aşa ýyly ýerde saklanmakdan gaça durup, köpräk çaý, miwe şiresini içmeli. Eger-de bedeniň temperaturasy ýokary galsa, öý şertlerinde bedeni süpürip, gyzgyny peseltmeli. Käte üsgülewük bilen sowuklama has agyr kesellere eltip biler. Adamyň dem almasy kynlaşyp ugrasa, onuň öýken sowuklamasy bilen kesellemegi ýa-da öýkende haýsy-da bolsa bir ýokanç keseliň ýüze çykan bolmagy mümkin. Şonuň üçin, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly. Çilim tüssesinden daşda bolmalydyr. Sebäbi temmäki serişdesiniň saglyga ýetirýän zyýanly täsiriniň netijesinde, köp adam öýken sowuklamasyna, dem alyş ýollarynyň kesellerine has köp duçar bolýar.