Parahatçylyk guşy

8 Iýun 2021
2914

«Bitaraplyk — bu biziň dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary parahatçylyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr» diýip, milli Liderimiz baky Bitaraplyk ýörelgesiniň giň we çuň pelsepewi ähmiýetiniň bardygyny beýan edýär. Geçen ýyl 25 ýyllygy halkara derejesinde bellenilen baky Bitaraplygymyzyň hormatyna 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň hem-de bu ýylyň nyşanynda akja kepderiniň şekiliniň ýerleşdirilmeginiň hem aýratyn manysy bardyr. Çünki akja kepderi parahatçylygyň nyşany hökmünde kabul edilendir. «Parahatçylyk» diýlen düşünjede bolsa her bir ynsan asuda durmuşy we arassa asmany göz öňüne getirýär. Asuda durmuş hakyndaky ýakymly oýlara çümenimizde bolsa, bada-bat erkana ýaýnaýan çagalar, olaryň depesinde pelpelläp ýören guşlar, ilki bilen hem bütin dünýäde parahatçylygyň nyşany hökmünde kabul edilen akja kepderiler göz öňümizde janlanýar.

Gadymy rowaýata görä, Nuh eýýamynda dünýäni suw basanda bir akja kepderi çüňkjagazyna zeýtun agajynyň bir şahajygyny gysyp, uç-gyragy görünmeýän suwda ýüzüp ýören Nuh pygamberimiziň gämisine gonupdyr. Muny gören Nuh pygamber gury ýeriň golaýdadygyny aňyp, çüňkünde zeýtun agajynyň şahajygyny gysyp, uçup barýan ak kepderini halas bolmagyň alamaty hasaplapdyr.

Merjen KAIPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.