Ýurdumyzda her ýyl Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilip geçilmegi sungata, şygryýete, döredijilik adamlaryna goýulýan uly hormatyň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyz şu ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çärelere düýpli taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede geçirmek barada degişli ýolbaşçylaryň öňünde birnäçe anyk wezipeleri goýdy. Şonuň netijesinde gadymy Lebap topragynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli badalga aldy.
Türkmen halkynyň Magtymguly atamyza goýýan hormat-sylagy örän aňyrdandyr. Şeýle-de, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy daşary ýurtly halklaryň hem esasy üns merkezinde durýar. Mälim bolşy ýaly, häzire çenli Magtymgulynyň goşgulary azerbaýjan, arap, pars, gazak, iňlis, ispan, nemes, hytaý, koreý, belarus, ukrain, özbek, gyrgyz, türk, rus ýaly dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi. Magtymguly atamyzyň dana paýhasly dünýägaraýşy halkara ülňülerinde ägirt uly abraý-mertebä eýe bolýar. «Türksoý» halkara guramasynyň Karary bilen 2014-nji ýyl Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Akyldar şahyrymyzyň heýkelleri dünýäniň birnäçe ýurdunda dikeldildi. Bu bolsa dünýäniň türkmen akyldaryna bolan uly hormatynyň ýene-de bir subutnamasydyr.