Maglumatlar eýýamy bolan ХХI asyr bütin adamzat aňynyň kämilleşýän, halkara habarlar giňişligine ýol açýan tehnologiýalaryň zamanydyr. Ýer ýüzünde BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplygy iki ýola ykrar edilen Garaşsyz Watanymyz älemiň halkara habarlar giňişligine goşulyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak arkaly daşary syýasatyny, parahatçylygy söýüjilik ýoluny ýöredip, beýleki döwletler bilen özara bähbitli gatnaşygyny pugtalandyrýar.
Türkmenistan media ulgamy arkaly «Mir» döwletara teleradiokompaniýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk aragatnaşygyny saklaýar. Bu gatnaşygyň yzygiderli ösüş netijeliligini Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti bolan ýurt Baştutanymyza «Mir» döwletara teleradiokompaniýanyň döşe dakylýan altyn nyşanynyň gowşurylmagy hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Teleradiokompaniýanyň žurnalistiniň milli Liderimiz bilen bolan söhbetdeşligi türkmen teleradioýaýlymy we «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň ýaýlymy arkaly ýurdumyzyň raýatlaryna, dünýä döwletleriniň halklaryna ýetirildi. Ýurt Garaşsyzlygymyz, baky Bitaraplyk syýasatymyz, dünýä bazaryndaky ykdysady kuwwatymyz, ynsanperwer ýörelgelerimiz dogrusyndaky bu söhbetdeşlik we uly sylagyň gowşurylmagy ähli watandaşlarymyzyň ýüzlerine ýylgyryş paýlady, buýsançly başlaryny gök diretdi.