Garaşsyzlyk türkmen halkynyň alnyndan dogan nurly kuýaşdyr, il-günüň ak bagtydyr. Külli türkmen halky her ýylyň güýzünde mukaddes Garaşsyzlygyň şanly toýuny — baş baýramyny uly joşgun bilen belleýär. Şu ýyl bolsa zähmetsöýer halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy toýuny toýlaýar. Şonuň bilen birlikde, Watanymyzyň ýüregi, merjen paýtagtymyz Aşgabadyň hem 140 ýyllygy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenildi. Munuň özi türkmeniň toýlarynyň goşa-goşadan gelýändiginiň ajaýyp bir mysalydyr.
Garaşsyzlyk — bu söz örän köp zady öz içine alýar. Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlygymyz halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Dünýä halklaryna özüniň dostluk-doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün Gahryman Arkadagly, asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, mukaddes watanly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar. Döwletli döwrana eýe bolan halk özüniň beýik Garaşsyzlygynyň miwelerini, eşretini görüp, oňa guwanyp ýaşaýar. Halkymyz oba hojalygynda, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sungatda, sportda, umuman, ähli ulgamlarda gazanýan ajaýyp üstünliklerine buýsanmaga doly hakly.