"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Ýylyň adyna buýsanç

Taryhy şanly döwletimizGaraşsyz, hemişelik Bitarap,Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany.Bedew batly gadamlarymyzbagtdan paýly ertirlere tarap,Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany. Gysym gumy duz dek mukaddes,bu toprak känim, baýlygym-barym,Görsem diýp her kim eder höwes,jennete bäs edýär gül Diýarym,Milletiň sesine goşup ses,joşup hem buýsanyplar diýýärin —Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany.

Goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalanýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, turuwbaşdan, goňşy döwletimiz Owganystan bilen dost-doganlyk, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrjak wakalardan başlandy. Goňşy döwletiň ykdysady ösüşlerine oňyn täsirini ýetirjek ol wakalar Owganystanyň ähli halky bilen birlikde, bu döwletde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň hem Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan buýsanç bulagyny joşdurdy. Gazetimiziň şu sanynda owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy jemgyýetiniň agzasy, şahyr Şirmuhammet ÝEŇIŞIŇ köňül kelamlaryny ýazga geçirip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ykdysadyýetiň ygtybarly desgalary

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanyljak ýylynyň ilkinji günleriniň göwün göteriji şanly wakalar bilen başlanmagy tutuş ýylymyzyň üstünliklere beslenjekdiginiň buşlukçysy bolup kalplara doldy. 14 —15-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyzyň şa gadamynyň ýurdumyzyň gündogar welaýatyna düşmegi bolsa, lebaply zähmetkeşleri diýseň begendirip, depesini gök diretdi. Çünki milli Liderimiziň şa gadamynyň düşen ýeri berekede beslenip, gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz biziň welaýatymyza bolan şu gezekki iş saparynyň çäklerinde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitjek, öz halkymyzyň hem-de goňşy owgan halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsirini ýetirjek birnäçe iri desgalary ulanyşa girizmäge ak patasyny berdi. Şolaryň biri Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desgadyr. Her ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan bu desgada döwrümiziň iň ygtybarly enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyrylypdyr.

Türkmen hoşniýetliliginiň şöhlelenmesi

Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň düýp manysy ynsanperwerlikdir, esasy häsiýetnamasy bolsa parahatçylyk söýüjilikdir. Bitaraplyk halkyň arzuw-isleglerini, ýagşy niýetlerini beýan eden Gündogar edebiýatymyzyň we türkmen nusgawy edebiýatymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçen ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, asudalyk, parahatlyk duýgy-düşünjeleri arkaly aňladylypdyr. Türkmen halky hoşamaýlygy, hoşniýetli gatnaşygy ýaşaýyş durmuşyndaky ilkinji ýörelgelerine öwren we muny görüm-görelde esasynda nesillerinde terbiýeleýän halklygy bilen häsiýetlenýär. «Ýagşy söz ýylany hinden çykarar» ýaly ajaýyp pähimlere eýeren, zandy hoşniýetlilige ýugrulan türkmen adam gatnaşyklarynda hemişe-de akylyň güýjüne, sözüň gudratyna daýanan we bu ýörelgelerden rahatlyk, döwlet tapan halk. Edebiýatymyza siňen «Aýrylmaz goňşyňa agyryly söz aýtma», «Söýenişen — ýykylmaz», «Arkalaşan — dag aşar» ýaly halk aýtgylarymyz ynsan gatnaşyklarynda we döwletara gatnaşyklarynda synalan tejribeler esasynda döredilendir.

Gündogaryň beýik danasy

Uzak geçmişiň dowamynda türkmen topragynda beýik danalar, akyldarlar, alymlar ýaşap we döredip geçipdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda şeýle diýýär: «Biziň Oguz han atamyzyň mekdebinden gözbaş alyp gaýdan Abu Reýhan Biruny, Abu Nasyr Faraby, Muhammet Horezmi, Ibn Sina, Mahmyt Kaşgarly, Muhammet Zamahşary ýaly beýik alymlaryň zehininde eýlenen Abu Sagyt Abylhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mämmetweli Kemine, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly beýik şahyrlarymyzyň döredijilik ussahanasynda taplanyp, kämillige ýeten we ölmez-ýitmez bolan milli ylym, bilim, döredijilik mirasymyz bardyr». Özleriniň ajaýyp eserleridir gymmatly açyşlary bilen tutuş Gündogarda meşhurlyga ýeten şol şahsyýetlerimiziň aglabasynyň suratynyň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» kitabynda ýerleşdirilmegi hem uly mana eýedir. Çünki ol danalaryň paýhas gazanynda gaýnap, zybanyndan çykan kelamlaryň köpüsi uzak ýyllaryň dowamynda nakyla öwrülip gidipdir. «Paýhas çeşmesi» atly pähimler ýygyndysynda suraty ýerleşdirilen danyşmentleriň biri-de özüniň täsin açyşlary, pelsepewi pikirleri bilen dünýä ylmyna mynasyp goşandyny goşan Gündogaryň beýik akyldary Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Birunydyr. Ol filosof, taryhçy, jahankeşde, geograf, dilçi, şah

Kadaly iýmitlenmek

Talabalaýyk iýmitlenmegiň ynsan saglygyna oňyn täsirini ýetirişi ýaly, gyşyň häzirki aýazly günlerinde pasla görä geýinmek hem kesellerden goranmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şoňa görä, öýden çykanyňyzda ýyly geýinseňiz, agyz-burun örtüklerini dakynsaňyz, ähli ýerde 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklasaňyz janyňyz elmydama sagat bolar. Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmekdedir. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki we ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş we täzeleniş, ýagny madda çalşygynyň düzgünleri bozulýar. Onuň netijesinde bolsa, bedeniň sazlaşykly işjeňligi bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar, sebäbi dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalary — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär.

Dertlere derman kädi

Türkmeniň bereketli topragy dermanlyk häsiýetli ösümliklere juda baý. Şolaryň biri-de kädidir. Halkymyz kädiniň dermanlyk häsiýetine ir döwürlerden bäri düşünip gelipdirler. Kädi iýun-iýul aýlarynda gülleýär. Awgust-sentýabr aýlarynda bolsa hasyl berýär. Kädini güýz we gyş aýlarynda iýmek has-da peýdalydyr. Ylmy barlaglar kädiniň düzüminiň adam süňňi üçin zerur bolan peýdaly maddalara juda baýdygyny tassyklaýar. Onuň etlek böleginde peýdaly maddalar, ýagny karotin, folasin, B toparyň witaminlerine girýän B1, B2, B6 witaminleri, mineral maddalar bolan kremniý, kaliý, magniý, natriý, demir we beýleki mineral maddalaryň mukdary örän köpdür.

Kenary sapaly suwy şypaly "Altyn köl"

Pederlerimiziň «Ýagşyny görmek — jennet» diýen pähimi Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda many-mazmun taýdan has-da baýlaşyp, döwrebap derejede öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amal edilýän işleriň her biriniň netijesi görmegi arzuwladýan ajaýyp işlerdir. Şolaryň hatarynda kenary sapaly, suwy şypaly «Altyn köl» hem bar. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda dynç alyş düzümine degişli täze desgalar toplumy açylypdy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, bu köl «Altyn köl» diýlip atlandyryldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň demirgazygynda ilatyň ýokary derejede dynç alşyny guramagy üpjün etmäge gönükdirilen diňe bir görmäge däl, eýsem, wasp etmäge-de mynasyp täze dynç alyş zolagy döredildi.

Türkmenistanym meniň!

Şirli Şirwan Anna ogly 1994-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Owganystanyň Badgis welaýatynyň Murgap etrabynyň Marçak obasynda dogulýar. Ol 2002 — 2009-njy ýyllar aralygynda Marçak obasynyň «Marçak» liseýinde 8-nji synpa çenli okap, soňra 2009 — 2013-nji ýyllarda Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Şibirgan şäherindäki «Ibni Ýemin» mekdebinde okuwyny dowam etdirýär hem-de 12 ýyllyk okuwy tamamlaýar. 2015 — 2017-nji ýyllar aralygynda Şibirgan şäherindäki «Abu Muslim Horasany» institutynda weterinariýa ugrundan okap, ýörite orta bilim alýar.

Bu Watan siziňdir, biziňdir, dogan!

Owgan topragynda ýaşaýan doganlarymyz ilkinji gezek türkmen topragyna gadam basanlarynda şeýle diýipdirler: Ata Watan sende mähir ýeterlik,Bu Watan siziňdir, biziňdir, dogan!Duşuşdyk ýene-de ykbal göterlip,Bu Watan siziňdir, biziňdir, dogan!

Ulagly sütün

Bir at güýji diýip 75 kilogramlyk ýüki 1 sekuntda 1 metr hereket etdirip bilýän güýje aýdylýar. * * *

Türkmenistan ─ parahatçylyk dörediji döwlet

Edil taryhdaky ýaly, häzirki döwürde-de türkmen halky parahatlyk tuguny göteren halk hökmünde tanalýar. Parahatçylygyň tarapdarydygy mundan 25 ýyl öň türkmen diplomatiýasynyň şowly, pähimli ädimleriniň biri, ýagny baky Bitaraplygyň gazanylmagynda has aýdyň görünýär. Baky Bitaraplyk türkmen halkynyň bütin dünýäde pasyrdadyp ýören Parahatlyk baýdagydyr. Şol baýdagyň saýasynda Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli meýilleri aýan etmek biziň döwlet syýasatymyzda jemlenendir» diýen sözleriniň durmuşda aýdyň şöhlelenmesidir.

Ýyllara at ýaraşýar

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen durmuşymyza ajaýyp bir däp ornaşdy — ýyllara at dakyp, olary adyna laýyk geçirmek däbi. Onuň netijesinde, ýyllarymyza has-da öwüşgin çaýylyp, durmuşymyz has-da gözelleşýär. Atlary ýyllaryna, ýyllary hem atlaryna şan getirip taryh sahypalaryny bezäp otyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atlandyrylan 2021-nji ýylymyz hem hut şeýle ýyllaryň biri bolar. Sebäbi parahatçylyk hem ynanyşmak baky Bitaraplyk syýasatymyzyň baş ýörelgeleri. Bu düşünjeler çuňňur mana eýe. Aýdylyşy ýaly, Dünýä biziň umumy öýümiz. Biziň bagtyýar durmuşymyz onuň parahat aýlanmagyna bagly. Şonuň üçin-de gojaman Zeminiň asuda dem almagy tutuş ynsanyýetiň arzuwy. Şol arzuwy wysala gowuşdyrjak hem hut adamzadyň özi. Ata-babalarymyzyň asudalyk taglymaty bolan baky Bitaraplygymyz türkmeni bu isleglerine ýetirdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parasatly Liderimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasaty bilen Türkmenistan tutuş ynsanyýetiň ýagty ertirlerini nazarlaýar.

Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň bagtyýar ertirlerine gapy

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 16-njy dekabrynda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklaryny berdi. Ol tabşyryklar bada-bat Birleşigiň işgärleriniň-de, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň döredijilik toparynyň-da 2021-nji ýyl üçin esasy üns bermeli ugurlarynyň çelgisine öwrüldi. Daşary ýurtly türkmenler bilen onlaýn arkaly söhbetdeşlikleri guramak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň olaryň durmuşynda döreden oňyn öwrülişikleri, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň adynyň manysy we ähmiýeti hakda okyjylarymyza gürrüň bermek, şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzda amala aşyrylan we aşyrylýan köpugurly işler bilen dünýä türkmenlerini yzygiderli tanyşdyryp durmak esasy wezipämiz hökmünde öňe çykdy. Şu nukdaýnazardan, DTYB-yň daşary ýurt bölümi bolan owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň ýolbaşçysy Abdyrahman AHMET ogly bilen sanly ulgam arkaly söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Ýiti respirator kesellerinden goranmak

Ýylyň dowamynda pasyllaryň çalyşmagy adam bedenine belli bir derejede täsir edýär. Howanyň üýtgemegi netijesinde adam bedeninde dürli näsazlyklar ýüze çykýar. Näsag asgyranda, üsgürende we gürlände howa-damja ýoly bilen sagdyn adamlara kesel ýokuşýar. Şeýle hem wirus göni däl galtaşyk arkaly elleriň, hapalanan zatlaryň üsti bilen geçip bilýär. Keseliň alamatlary üşütme, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň döwülýän ýaly bolmagy, bokurdakda agyry döremegi, umumy ysgynsyzlyk, işdä peslik ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Ýiti respirator keseli ýokuşan adamlar hem-de çagalar köpçülik ýerlerine, çagalar edaralaryna, köpçülik awtoulaglaryna, lukmançylyk edaralaryna barmaly däl. Maşgala lukmanyny çagyrmaly we lukman maslahatyny ilkinji günlerden doly we dogry berjaý etmeli. Ýiti respirator keselleri bu dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keseli bolup, arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek keselden goranmagyň iň ýönekeýje usulydyr. Keselden goranmak üçin elleriňi hemişe arassa saklamaly, hökmany ýagdaýda elleriňi 20 sekundyň dowamynda sabyny köpürjikledip, akar suwuň aşagynda barmaklaryň arasy bilen eliň iç we daş ýüzlerini, dyrnaklaryň içleri bilen gowy ýuwmaly. Her bir näsaglan adam asgyranda, üsgürende agzyny elýaglyk bilen tutmaly, bir gezek ulanylýan elýaglyklary ulanyp bolanyňyzdan soň, ýörite niýetlenen bedrelere taşlamaly, elleşip salamlaşmakdan, g

Türkmen buýanynyň taryhy we tarypy

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň dermanlyk häsiýeti hakynda giňden durup geçdi. Adam saglygy üçin buýan köküniň diýseň peýdalydygy, köp dertleri bejermekde onuň taýsyz melhemdigi Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem giňden beýan edilýär. Hakyň nazary düşen türkmen topragy tebigy baýlyklara diýseň baý. Şol baýlyklaryň biri-de, lukman Liderimiziň aýdyşy ýaly, köki müň bir derdiň dermany hasaplanýan meşhur buýan ösümligidir. Ol Amyderýanyň jülgelerinde, Daşoguz sebitinde, Tejende giňden ýaýran ösümlikdir. Şeýle-de ol ülkämiziň daglyk we suwarymly ýerlerinde hem ösüp ýetişýär. Aýratyn hem ol soňky ýyllarda Lebap welaýatynyň çäklerinde ýörite ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýlelikde, buýan köki sözüň doly manysynda biziň milli baýlygymyza öwrüldi.

Magtymgulynyň ruhy beýikligi

Tatar dilinden terjime eden Ahmet MÄMMEDOW. Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky jemgyýetçilik, ykdysady hem medeni baglanyşyklar soňky ýyllarda gitdigiçe ýygjamlaşýar. Prezidentimiz Rustam Minnihanowyň Türkmenistana resmi iş sapary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazana resmi sapary, Onuň Tatarystanyň Prezidenti bilen, ilkinji Prezidentimiz Mintimer Şaýmiýew bilen doganlarça duşuşyklary, pikir alyşmalary döwletleriň ikisi üçin-de ýatdan çykmaz taryhy wakalar boldy. Aşgabatda tatar medeniýetiniň günleri geçirildi, Kazanyň Halklar dostlugy köşgünde tatarystanly jemagatyň gatnaşmagynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy-amaly maslahat bolup geçdi. Bularyň hemmesi iki halkyň gadymdan gelýän ruhy doganlygynyň anyk subutnamasydyr.

Gözelligiň goragy — ynsanperwerligiň belent nusgasy

Türkmenistan döwletimiziň tebigatynyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak we geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysady we durmuş ulgamyndaky giň möçberli milli özgertmeleriň ählisi raýatlarymyzyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary we uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalary netijesinde, döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamalaryň ençemesi kabul edildi. Olar ýurdumyzda ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek babatda ýerine ýetirilen anyk işlerdir. Mukaddes Watanymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, ekologiýa maglumatlaryň ilata elýeterli bolmagyny üpjün etmek meseleleri hem hukuk taýdan berkidilýär.

Agtyk (hekaýa)

Suraty çeken: Hojamuhammet GULOW Zybatäç ejäniň ogluny öýerip, dünýäsi giňedi. Ähli öý işini gelni elinden aldy oturyberdi. Indi ol öz deň-duş joralarynyňka günuzyn görme-görşe gidip, suwdan seleň öýüne dolanyp gelýär. Içeriniň aladasyndan arkaýyn bolan ene bu meselede hiç bir zada goşulanok. «Ýaşlaryň özi bilýändir, men olara artyk sapak berip, ýük bolmaýyn» diýerdi. Geň zat, her gezek bir näbelli ses gulagyna eşidilip, onuň içki pikirlerini goldardy: «Dogry pikir edýäň, ýaşlaryň ýüregine düşme. Goý, olar öz ýüregindäki ýagşy niýetini amal etsinler. Görýäň-ä, olaryň owadan ýüregi bar. Birinde mert, birinde-de näzik ýürek bar. Heý-de olary ynjydyp bolarmy?! Gowy döwre ulaşan ömri bar olaryň. Olar diňe Hakyň halan işi bilen meşgullanýarlar. Adyllyk, halallyk olaryň ömür manysy, ýaşaýşynyň çyragy. Onsoň olaryň ähli eden işi ugruna. Sebäbi jemgyýet adyllygyň, halallygyň mähri bilen gurşalan. Şeýle bolanda ömrüň çüwmesi bagt bilen» diýip, Zybatäç ejäniň gowy niýetine köp ýagşy, many-maňyzly sözleri aýdýar.

Üçemler — geljekki goç ogullar

SURATDA: Ejegyz Çaryýewa üçem ogullary bilen.Surata düşüren Azym ŞEKEROW. Perzent — bu ynsanyň bagt guşy. Ol enaýyja guş enäniň ellerine gonanda ene ýüreginde üýtgeşik bir dünýä emele gelýär. Çünki ol kiçijik göwnüne ýanýoldaşyna bolan söýgini, gaýyn öýüne bolan sylagy, mährem çagalaryna bolan mähiri ýerleşdirmeli bolýar. Şol sebäpden-de ene hemme zatdan mukaddes saýylýar.