Gündogaryň beýik danasy

26 Ýanwar 2021
2502

Uzak geçmişiň dowamynda türkmen topragynda beýik danalar, akyldarlar, alymlar ýaşap we döredip geçipdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda şeýle diýýär: «Biziň Oguz han atamyzyň mekdebinden gözbaş alyp gaýdan Abu Reýhan Biruny, Abu Nasyr Faraby, Muhammet Horezmi, Ibn Sina, Mahmyt Kaşgarly, Muhammet Zamahşary ýaly beýik alymlaryň zehininde eýlenen Abu Sagyt Abylhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mämmetweli Kemine, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly beýik şahyrlarymyzyň döredijilik ussahanasynda taplanyp, kämillige ýeten we ölmez-ýitmez bolan milli ylym, bilim, döredijilik mirasymyz bardyr». Özleriniň ajaýyp eserleridir gymmatly açyşlary bilen tutuş Gündogarda meşhurlyga ýeten şol şahsyýetlerimiziň aglabasynyň suratynyň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» kitabynda ýerleşdirilmegi hem uly mana eýedir. Çünki ol danalaryň paýhas gazanynda gaýnap, zybanyndan çykan kelamlaryň köpüsi uzak ýyllaryň dowamynda nakyla öwrülip gidipdir.

«Paýhas çeşmesi» atly pähimler ýygyndysynda suraty ýerleşdirilen danyşmentleriň biri-de özüniň täsin açyşlary, pelsepewi pikirleri bilen dünýä ylmyna mynasyp goşandyny goşan Gündogaryň beýik akyldary Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Birunydyr. Ol filosof, taryhçy, jahankeşde, geograf, dilçi, şahyr, matematik, lukman, tebigy hadysalary öwreniji alym bolupdyr. Taryhy maglumatlara görä, bu beýik alym 973-nji ýylda gadymy Horezmiň ýanynda ýerleşýän Kyýat diýen şäherde dünýä inýär.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.