Ýyllara at ýaraşýar

12 Ýanwar 2021
2100

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen durmuşymyza ajaýyp bir däp ornaşdy — ýyllara at dakyp, olary adyna laýyk geçirmek däbi. Onuň netijesinde, ýyllarymyza has-da öwüşgin çaýylyp, durmuşymyz has-da gözelleşýär. Atlary ýyllaryna, ýyllary hem atlaryna şan getirip taryh sahypalaryny bezäp otyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atlandyrylan 2021-nji ýylymyz hem hut şeýle ýyllaryň biri bolar. Sebäbi parahatçylyk hem ynanyşmak baky Bitaraplyk syýasatymyzyň baş ýörelgeleri. Bu düşünjeler çuňňur mana eýe.

Aýdylyşy ýaly, Dünýä biziň umumy öýümiz. Biziň bagtyýar durmuşymyz onuň parahat aýlanmagyna bagly. Şonuň üçin-de gojaman Zeminiň asuda dem almagy tutuş ynsanyýetiň arzuwy. Şol arzuwy wysala gowuşdyrjak hem hut adamzadyň özi. Ata-babalarymyzyň asudalyk taglymaty bolan baky Bitaraplygymyz türkmeni bu isleglerine ýetirdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parasatly Liderimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasaty bilen Türkmenistan tutuş ynsanyýetiň ýagty ertirlerini nazarlaýar.

Maýa GYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.