Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna
Geçmişde kän döwletleri döreden,
Arslan-şir ýigitli, hanly türkmensiň.
Ruhun belent tutup, däbin ýöreden,
Asly halal, aşly-nanly türkmensiň.
Şadöwletler gurup, şa bolup ýaşan,
Söweş güni ner deý kükreýip-joşan.
Ykbal çüwüp, dabarasy dag aşan,
Zemin içre şöhrat-şanly türkmensiň.
Lebizlidir dosta, päli pes murdan,
Ygrarlydyr söze, pataly pirden.
Gönezligni alyp toprakdan, nurdan,
Ynsanperwer, päk imanly türkmensiň.
Meşhur atalarmyz eredip demrem,
Ylym ojagyna öwrüpdir Merwem...
Zalymlara garşy mert gylyç gemren
Togrul, Çagry, Alp Arslanly türkmensiň.
Üçýyldyz dagynda atyn segreden
Röwşen begdir «it urşuny» öwreden.
Külli türkmen ilin ýeke göwre eden
Mert pederli — Oguz hanly türkmensiň.
Eždatlarmyz dünýä görkezip zorun,
Nepislikler bilen alypdyr orun.
Haly bilen bezäp köşkleriň törün,
Ajap jaýly, tagt-eýwanly türkmensiň.
Lälezar Watanyň gülleýän wagty,
Köpe arzuw boldy türkmeniň bagty.
Ymmat jebis bolsa geljegi ýagty,
Namut dälsiň, bagtdan paýly türkmensiň.
Alys ýolda saklap dessuryn-däbin,
Bu dünýä dolduryp milletiň çawyn,
Adyl gördüm taryhynyň her babyn,
Hupbulwatan, haka taýly türkmensiň.
Arşda bilip erkinligiň gymmatyn,
Saýrynyň hiç çekmändirler minnetin,
Ynanjy dürs çykyp gadym milletiň,
Neberesi bu gün şanly türkmensiň.
Atalarmyz adyllyga berip ýüz,
Ýolun takyk seçipdirler dogry, düz,
Erkinlige ýetip, bir müň dokuz ýüz
Togsan birden il deň sanly türkmensiň.
Ine, şeýdip geçip alys pelleden,
Peslik pikrin sumat eýläp kelleden.
Bu dünýäde ýene adyn belli eden,
Orunly, ojakly, nanly türkmensiň.
Lebzi halal halka mahsus irilik,
Millete ýüz berdi baky dirilik.
Azat durmuş işiginden girilip,
Jahan içre bu gün şanly türkmensiň.
Ak arzuwlar bagtyň daňyn atyrdy,
Külli türkmen ykbalyny göterdi.
Atalaryň küýsegine ýetirdi,
Dünýä dönüp, çyn döwranly türkmensiň.
Arassa ýol — saýlan ýoly halkymyň,
Menzil aşyp, şol ýollarda galkynyň!
Zähmet bilen halal ýaşaň, ýalkanyň,
Ata-baba tüýs işjanly türkmensiň.
Türkmen ebedinde ýalkawly Hakdan,
Gadyr görýär bu gün ýakyn-yrakdan.
Yhsanlyklar çogsun her bir gursakdan,
Mertebesi belent, şanly türkmensiň.
Millet bolup dünýä içre beýgelen,
Alysdan-ýakyndan myhmanlar gelen.
Türkmen ülkesini daglary bilen
Lälä öwren çyn Bagbanly türkmensiň.
Ygtybarly Bitaraplyk ýolumyz,
Gör-ä, dogan etdi sagy-solumyz.
Ykbal göterilip, ömür salymyz,
Nurlandyran hoş namaly türkmensiň.
Ykbalyň bagt guşy ganatyn gerdi,
Göwün diýen ajap döwrümiz berdi,
Ertirlermiz has bagtyýar göründi,
Tükenmejek hanymanly türkmensiň.
Ilin jemläp bir supranyň daşyna
Ruhlandyryp, ballar goşan aşyna.
Deňäp her raýatyn gara başyna,
Il hossary — Arkadagly türkmensiň!