Parahatçylyk we ynanyşmak — milletimiziň öňden gelýän baş ýörelgesi

27 Iýul 2021
1025

Gadymyýetde ata-babalarymyz adalaty tug edinip, parahatçylygy söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýeripdirler. Nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň: «Milletiň, il-ulusyň inen ýeri güzer bolar, oňlan ýeri ýurt bolar» diýen baş ýörelgesine berk eýeren ata-babalarymyzyň agzybirlik, parahatlyk, özara düşünişmek ýörelgeleri halkymyzyň millet hökmünde saklanyp galmagyna, öz taglymyny dünýä ýaýmagyna getiripdir. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleri biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki parahatçylyk ynamyň netijesinde kemala gelýär.

Halkyň pähim-paýhasyndan, asuda geljege bolan beýik ynamyndan kemal tapan edebi hazynamyzda, halk döredijilik eserlerimizde, eposlarymyzda, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Baýram han Türkmen ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasynda hem parahatçylyga, ynanyşmaga bolan milli garaýyşlar giňden şöhlelenýär. Meselem, beýik serkerde hem şahyr Baýram han Türkmen şeýle diýýär: «Kimdir birini ýeňmekden, onuň bilen ylalaşykda we agzybirlikde ýaşamak beýik sungatdyr».

Ýazgül BEŞEROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.