Gülle, ös sen, Aşgabat!

27 Iýul 2021
994

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenilen şol taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda gurmak meýilleşdirilýän Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň täze binalarynyň, şeýle hem S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda guruljak Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binasynyň taslamalary aýratyn orny eýeleýärler.

Tanyşlygyň barşynda, lukman Liderimiziň tagallasy bilen saglyk şäherine öwrülen Aşgabadymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binalar toplumlarynyň, şeýle hem Halkara onkologiýa merkeziniň taslamalary hem gözden geçirildi. Şeýle-de gurulmagy meýilleşdirilýän 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň, «Dokmaçylar» medeni merkeziniň baş meýilnamasy, şekil taslamasy hem hödürlenildi. Taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda milli Liderimiz «Altyn kölüň» kenarynda dynç alyş zolagynyň gurulmagy meýilleşdirilýän şekil taslamalaryna-da gymmatly belliklerini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş we durmuş maksatly binalar toplumynyň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanşyp, olara düýpli düzedişleri girizdi.

«Türkmen dünýäsi».