Geçen hepdäniň anna güni, ýagny 23-nji iýulda Günüň dogýan ýurdy hasaplanýan Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda başlan ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 9 türgeni gatnaşýar. Bu türgenler sportuň dört görnüşi — dzýudo, suwda ýüzmek, agyr we ýeňil atletika boýunça çykyş edip, Olimpiýa oýunlarynyň geçýän ýerlerinde buýsanç bilen türkmen tuguny parladýarlar. Sportuň 33 görnüşi boýunça geçirilýän bu gezekki Olimpiýa oýunlarynda 339 medallar toplumyndan paýly bolmak üçin, Ýeriň çar künjünden gelen türgenler bilen bäsleşýän ildeşlerimiziň bäşisi agyr atletikadan, biri 52 kilograma çenli agram derejesinde dzýudodan, ýene biri ýeňil atletikanyň ýekedaban zyňmak görnüşinden, ikisi suwda ýüzmek boýunça gatnaşyp, olaryň hem biri 100 metri brass usulynda, beýlekisi 100 we 200 metr aralyklary arkanlygyna ýüzmekde çykyş edýärler. Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleri 24-nji iýulda suwda ýüzmegiň görnüşleri bilen girişdiler.
Ildeşimiz Çarygeldi Mämmedowyň Tokiodaky ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça eminlik etmegi hem bizi diýseň buýsandyrýar. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika görnüşiniň taryhynda ilkinji gezek eminiň Türkmenistandan saýlanylmagynyň özi bu ugruň soňky ýyllarda netijeliliginiň artýandygyny görkezýär.