Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýuny mynasyp bellemäge ykjam taýýarlyk görülýär. Şonuň bilen birlikde, şahyryň ömrüni we döredijiligini çuňňur öwrenmek hem dowam etdirilýär. Magtymguly atamyzyň döredijiligine, ylmy taglymatyna bagyşlanyp geçirilýän halkara maslahatlaryň sany barha köpelýär. Akyldar şahyrymyzyň ömür döredijiligi, dana pikirleri, ajaýyp taglymatlary diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýä içre, halkara derejesinde çuňňur öwrenilýändigi oňa goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Şeýle hem dünýä içre sarpaly akyldar şahyrymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan saglyk baradaky pikirleri hem ynsanyýete baky peşgeşdir.
Magtymguly Pyragy şahyrana döredijiliginde sagdynlygy we ruhubelentligi, sagdyn durmuş ýörelgesini ilkinji nobatda goýupdyr. Akyldar şahyr şygyr setirlerinde: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti, // Saglyk onuň soltanydyr» diýip, ýaş-juwanlygyňdan tä garrylyga çenli saglygyň gadyryny bilmegi, ony gorap saklamagy nesihat edipdir.