Ýerlikli maslahat (Tymsal)

27 Aprel 2021
1238

Bir daýza hemişe gününden zeýrenip, aglaýan eken. Sebäbi onuň iki gyzynyň biri saýawan ýasaýan oglana, ikinjisi bolsa aş öndürýän oglana durmuşa çykypdyr. Onsoň, güneşli howada-da, ýagynly howada-da, daýzanyň gözüniň ýaşy kepemändir.

Günleriň birinde daýzanyň halyna gyýlan bir dana kişi ondan aglamagynyň sebäbini sorapdyr. Daýza: «Meniň uly gyzym saýawan ýasaýan oglana, kiçi gyzym bolsa aş öndürýän oglana durmuşa çykdylar. Howa ýagynly bolsa aşy guradyp bolanok, güneşli bolsa-da saýawan satyn alýan ýok. Ana, onsoň men şolaryň gününe gynanyp aglaýan» diýipdir.

Aziz AGAÝEW.
Terjime eden