Tebigat bize gyş, ýaz, tomus, güýz pasyllaryny peşgeş berýär. Adamyň bedeni pasyl çalşygy döwründe, şol paslyň aýratynlyklaryna görä uýgunlaşmaga çalyşýar. Bu hadysany bedeniň immun, maddy alyş-çalyş ulgamlary ýerine ýetirýär. Bedeniň pasyllaryň çalşygyna uýgunlaşmagy üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini dogry berjaý etmek wajypdyr. Munuň özi dürli keselleriň öňüni almagyň iň ygtybarly usulydyr.
Ýaz paslynda adamyň witaminlere, mikroelementlere baý ter önümleri ýeterlik mukdarda kabul etmegi zerurdyr. Sebäbi bu pasylda beden tomus pasly üçin uýgunlaşma hadysasyny başdan geçirýär we tomsuň jöwzaly yssy günlerinde çydamly bolmaga güýç toplaýar. Güneşli Diýarymyzda bitýän dermanlyk häsiýete eýe bolan miwelerden we gök önümlerden taýýarlanýan milli tagamlar we ösümlik ýagy goşulan dürli işdäaçarlar bedeni gerekli mukdarda peýdaly maddalar bilen üpjün edýärler. Ýazyna kakadylan miweler bilen gök çaý adamlaryň isleg bildirip içýän esasy içgileriniň biridir. Degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp, dürli ter miweleriň şirelerini peýdalanmak zerurdyr.