Türkmenistan «Akylly» şäherleri bilen şöhratlanar

23 Mart 2021
1288

16-njy martda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Bu wakalar tutuş halkymyzda egsilmez ruhy joşgun, ajaýyp döwrümize bolan çäksiz buýsanç duýgularyny döretdi. Çünki ýene sanlyja ýyldan häzirki wagtda köpsanly binagärlik-inženerçilik işlerini özünde jemleýän ägirt uly gurluşyk toplumy bolup duran bu döwletli tutum ― Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezi ajaýyp döwrümize mynasyp ak şäherleriň biri bolar.

«Türkmen dünýäsi».