* Halkymyzyň asyrlarboýy sünnäläp sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri-de milli lybaslardyr. Zenanlarymyzyň keteni köýnegi, begresdir çabytlary, kürteleridir düýpli gyňaçlary, erkek kişileriň gyrmyzy donlarydyr telpekleri, akgaýma tahýalary ýerligi, biçilişi, tikilişi, bejerilişi, bezelişi bilen özge halklardan düýpli tapawutlanyp, milliligiň naýbaşy nusgalaryny emele getirýärler.
* Hindi zenanlarynyň meşhur lybaslarynyň adynyň «sari» diýlip atlandyrylýandygyny, megerem, bilmeýän ýok bolsa gerek. Bu lybas haýsydyr bir ölçegde ýa-da galypda tikilmeýär. Ol 4-8 metr aralygyndaky matanyň bedene saralmagy bilen emele gelýär. Sariniň egne we kellä atylýan bölegi «uttariýa», bedeniň aşaky bölegine saralýan bölegi «antriýa», üstki bölegi bolsa «stanapatta» diýlip atlandyrylýar. Hindi zenanlary tarapyndan gündelik durmuşda hem giňden ulanylýan sarileriň toý-baýram üçin niýetlenen görnüşleri reňkleri, matasynyň we bezeginiň nepisligi bilen görenleri haýran galdyrýar.