Alabaý — halkymyzyň milli buýsanjy. Ata-babalarymyz türkmen alabaýlaryna gadymy döwürlerde hem syrdaş bolup, olara öz gündelik ýaşaýyş-durmuşyndan aýratyn orun beripdirler. Ýyllaryň geçmegi bilen türkmen alabaýlary halkyň durmuşyna siňipdir. Şonuň üçin-de, her bir türkmeniň ýüreginde alabaýyna bolan uly söýgi bar. Bir jümle bilen aýdanyňda, türkmen alabaýlary agzybir halkymyzyň wepaly ýoldaşyna öwrüldi. Munuň şeýledigine alabaýlarymyza belet ýaşulular: «Alabaý eýesine örän wepalydyr» diýip, ynam bilen aýdýarlar. Öýüň sak goragçysy, mal yzynda gezýän adamlaryň kömekçisi hem süriniň goraýjysy, ýolda wepaly ýoldaşy bolýan alabaýlar sözleriň iň ýagşysy bilen taryplanylmaga mynasypdyr. Ir döwürlerde gapysyndan gulp asmadyk türkmen öýüni, mal-mülküni öz wepaly dostuna — alabaýyna ynanyp, islän ýerine gidiberipdir. Alabaýlar eýesine wepalylygy, saklygy bilen birlikde, asudalygy, parahatçylygy goraýjylyk häsiýetleri bilenem meşhurdyr. Olar aňyrdan gelýän adamyň aýak basyşyndan niýetiniň nähilidigini anyklap bilýärler. Şonuň üçin olar serhetçilerimiziňem kömekçisi, dost-doganlyk serhetlerimiziň goragçysydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýlaryna goýulýan hormat-sarpa has-da artýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu sene mynasybetli döwlet derejesinde geçirilýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişleri uly ähmiýete eýedir. Şol pursatlar syn ediş meýdançasyny baýramçylyk şowhuny gurşap alýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden iň gowy alabaýlaryň onusy bu bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinden saýlanyp alynýar. Bu onlugyň atlary, ýaşy, nesil ugry, eýesi bilen tanyşmak dabaranyň ýatda galyjy pursadyna öwrülýär. Soňra arassa ganly alabaýlara mahsus aýratynlyklara baha berilýär. Bäsleşigiň maksady milli itşynaslygyň iň oňat däplerini ösdürmek, tohum itleriň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen baglanyşykly usullary ylmy esasda kämilleşdirmekden ybaratdyr. Her bir hereket, gözden geçiriş, ine, şu ýörelgelerden ugur alýar. Alabaýlar daşky keşbi, öwredilen endikleri, edermenligi we başarjaňlygy bilen bäsleşigiň eminlerini, janköýerlerini haýran galdyrýar.