Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol maslahatda Milli Liderimiziň: «Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär» diýip belleýşi ýaly, her bir türkmenistanly ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmak maksady bilen ýaşaýar, işleýär, gurýar, döredýär. Netijede, ynsan sarpasy döwletimiz tarapyndan belende göterilmek bilen, ýaşlarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetler terbiýelenýär. Ählihalk forumynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglady. Şol dabaraly pursatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ussat heýkeltaraş, halypa mugallym Saragt Babaýewe «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy. Bu waka sungata aşyk halkymyzda çäksiz kanagatlanma duýgusyny döretdi, aýratyn-da, halypanyň ýetişdiren şägirtleriniň göwün guşuny göge uçurdy.
Garaşsyz döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde köp ýyllaryň dowamynda bitiren aýratyn hyzmatlary, Gündogaryň beýik akyldary hem-de türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döredendigi, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýaş heýkeltaraşlary terbiýelemekde bitiren işleri, şekillendiriş sungatynda özboluşly mekdebi kemala getirendigi, ýurdumyzyň heýkeltaraşlyk sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmeti göz öňünde tutulyp, halypamyz Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly adyň dakylmagy we oňa «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy biz ýaşlarda döredijilige bolan yhlasy goşalandyrdy. Halypanyň «Işläň, oglanlar, işläň! Işleseňiz, ylhamy işiň özi berýär» diýen sözleri bolsa, şägirtleriniň durmuş ýörelgesidir.