Pyragyny wagz eden ulama

8 Oktýabr 2024
467

Abytnazar birnäçe ýyldan soňra Hudaýnazar halypa bilen haj parzyny berjaý etmäge Mekge-Medinä zyýarata gidýär. Şol döwrüň agyr şertlerinde kerwen bilen zyýarata gitmek örän uzaga çekýän eken. Şoňa görä, beýle uzak ýola çykmak ýeňil-ýelpaý iş bolmandyr. Hususan-da, Hudaýnazar halypa gojalansoň halys tapdan düşüp, uzak ýoly ýöremäge gurbaty galmandyr. Abytnazar agasyny arkasyna göterip, ýol aşypdyr. Inisiniň hyzmata jany-teni bilen ýapyşýandygyna Hudaýnazar halypanyň göwni hoş bolup, oňa üznüksiz doga we dileg edip: «Abydym, nesip bolsa, dünýä belli alym bolarsyň, rysgal-berekediň dolup-daşar, abraý-mertebäň daglar aşar» diýip, ak pata beripdir.

Mekgä baryp haj parzyny ýerine ýetirýärler. Soňra Medinä gidýärler. Muhammet pygamberimiziň aramgähine zyýarat edip, doga-dilegler edýärler.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.