«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy oktýabrynda Änewde ýerleşýän Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alym-arheologlar Wadim Mihaýlowiç Massonyň we Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Bu forum Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan guralyp, oňa türkmen we daşary ýurtly alymlar gatnaşdylar.
Belli bolşy ýaly, türkmen halkynyň baý medeni mirasy, şanly taryhy bar. Muny ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän ýadygärlikler, dünýä we milli derejesindäki kitaphanalarda, muzeýlerde saklanýan golýazmalar, kitaplar hem-de tapyndylar doly tassyklaýar. Bu hakykat bizi diýseň buýsandyrýar.