Adamzat dünýäsiniň iň belent mertebeli şahsyýetine öwrülen dana, şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli buýsanjy, şygryýet äleminiň baş halypasydyr. Onuň üç asyr bäri barlyga, ýaşaýşa söýgi döredip gelýän edebi mirasy ynsan aňyna paýhas, kalbyna mähir, didelerine röwşenlik eçilmegini dowam edýär. Akyldar şahyryň şygryýet bossanyna aralaşan her bir adam bagtyýarlyga eýe bolýar. Sebäbi dananyň dagdan belent, ummandan çuň, älemden giň manyly goşgularynyň her bir setirinde hikmet bar. Olar dünýägaraýşyň çäksizligine atyryp, ömrüň lezzetiniň nämededigini düşündirip, kämillige gol bermegiňe iterýär. Hut şonuň üçin-de, Magtymguly atamyz milli nusgawy, Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili düşünjeleriniň içinden parran geçip, adamzat dünýäsiniň kämilligine öwrülýär. Keremli sözi gural edinen şahyr ynsanyýeti arzuw-islegine, maksat-myradyna ýetirip, dünýäniň abadançylygyny, asuda ösüşini pugtalandyrýar. Munuň şeýledigini şahyryň hormatyna Ýer ýüzünde amala aşyrylýan bihasap işler hem subut edýär. Pyragynyň edebi mirasynyň dünýä jemgyýetçiligine ýaýylmagy, umumadamzat bähbidi mynasybetli guralýan, geçirilýän dürli derejedäki maslahatlarda onuň paýhasyna ýüzlenilmegi hem şol işleriň hatarynda durýar.
Özgerişleriň mekany eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»,TÜRKSOÝ-da «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen şanly senäniň ilkinji gününden bäri dananyň doglan gününiň ýubileý toýy dünýä döwletlerinde hem mynasyp bellenilip gelinýär. 11-nji oktýabrda parahatçylygyň merkezi gözel paýtagtymyzda üstünliklere beslenip, dost-doganlygyň, agzybirligiň dabaralanmasy bolup hakydalarda orun alan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum, akyldar şahyryň şygyrlarynyň gruzin, ermeni, özbek, gyrgyz dillerinde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş we Moskwanyň gözel künjünde M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň öňündäki meýdançada dünýä belli beýik şahsyýetleriň göwre heýkelleriniň hatarynda Magtymguly Pyragynyň hem döredilen keşbiniň açylyş dabaralary munuň golaýdaky görkezijileridir. Umuman, dünýäniň baky danasyna öwrülen Magtymguly atamyz we onuň dürdäne şygyrlary ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, adalatyň, agzybirligiň, abadançylygyň, adamzat paýhasynyň özi bolup kalplara dolýar.