Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda beýan edilen Türkmenistanyň garaýyşlarynda ählumumy ulag baglanyşygyny berkitmäge gönükdirilen anyk ädimleri amal etmegi maksat edinýändigi bellenilýär. Bu ugurda ol Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp düzmäge, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamentiniň, sebitleýin ykdysady komissiýalarynyň bäşisi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň 2026 — 2035-nji ýyllar döwründe «Durnukly ulagyň onýyllygyny» durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip düzülmeginde öňbaşçydyr. Mundan başga-da, ýurdumyz Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan halkara çäräni we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasyna laýyklykda, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip edýär. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek başlangyçlary hem bar.
Türkmenistan halkara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» orny uludyr. Döwletimiziň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ulanmak arkaly birleşen multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini we ulgamlaryny döretmek agzalan Maksatnamanyň esasy wezipesidir.