Mälim bolşy ýaly, 3-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.
Bilşimiz ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatlyPrezidentimiz ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de geljek üçin meýilnamalar barada çykyş etdi we ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň hukuk binýady boljak resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Perman hem bar. Şol Resminama Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň belleniljek 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda meýilleşdirilýän dabaralaryň hem-de çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün eder.