GDA-nyň Moskwa sammiti

8 Oktýabr 2024
304

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly dialoga ygrarlydygynyň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň çäklerindäki duşuşyklardyr forumlara yzygiderli gatnaşýar. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary derejede geçirildi. Biziň döwletimiz Arkalaşyga agza döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde işjeňlik görkezýär, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. Oňa 2019-njy ýylyň oktýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen sammitiň jemleri boýunça kabul edilen GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamany mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu resminama Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanyp, onda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň binýady goýuldy.

«Türkmen dünýäsi».