Bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy

8 Oktýabr 2024
394

Her bir güni ýatdan çykmajak wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimiziň şan-şöhraty, halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda amala aşyrýan beýik işleri hem-de umumadamzat şahyry, türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toý-dabaralary bütin dünýä ýaň salýar. Olarda ynsanperwer halkymyzyň parahatçylyk arkaly ösüş ýoluna eýerýändigi, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleriň waspy, pederlerimiziň arzuwlarynyň wysaly, asyrlarboýy garaşan özbaşdaklygy, erkanalygy, türkmen danasynyň ebedi mirasynyň gymmaty mynasyp şöhlelenýär. Munuň şeýledigini ýylyň dowamynda geçirilip gelinýän döredijilik bäsleşikleri we olaryň netijeleri tassyklaýar. 13-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň döwlet derejesinde bellenen gününiň ertesi, ýagny 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda hem şanly seneler mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň birnäçesiniň jemlerini jemlemek dabarasy guraldy.

Döredijilik bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň, arkadaşlarymyzyň, medeniýet, sungat ussatlaryň hem-de bagtyýar talyp ýaşlaryň birnäçesini bir ýere jemlän dabara täsirli geçip, gatnaşyjylaryň kalbyny toý ruhuna besledi. Onda «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen «Dünýä akyldary — türkmen Danasy» atly, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» atly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan halk teatrlarynyň arasynda yglan edilen «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşikleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň arasynda yglan eden «Magtymguly Pyragy we milli miras» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine Diplomlardyr Hormat hatlary we döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şa serpaýyna mynasyp bolan ýeňijilere geljekde-de üstünlikleriň hemra bolmagy arzuwlanyp, olaryň ýürek sözleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirildi, şeýle-de bagtyýar pursatlar fotosuratlarda hemişelik orun aldy.

«Türkmen dünýäsi».